Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Çaknyşykda alty adam öldi


Müsürde çetleşdirilen prezident Mohammad Morsiniň tarapdarlary we garşydaşlary arasynda ýüze çykan çaknyşykda azyndan alty adam öldi. Bu barada ýurduň saglygy saklaýyş resmileri habar berýär.

Çaknyşyklar duşenbe güni giçlik Kairde başlap, sişenbe gününe çenli dowam etdi.

Morsiniň tarapdarlary onuň ygtyýarlyklarynyň täzeden dikeldilmegini talap edýärler. Morsi 3-nji iýulda, ýurtda ençeme gün dowam eden protestlerden soň, harbylar tarapyndan häkimiýetden çetleşdirildi.

Morsiniň maşgalasy harbylara garşy sud işini başlajakdygyny aýdýar. Harbylar Morsini näbelli bir ýerde saklaýarlar. Armiýa muny Morsiniň öz howpsuzlygy üçin edilýändigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG