Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Ministr işden boşadyldy


Owganystanyň içeri işler ministri Ghulam Mujtaba Patang

Owganystanyň içeri işler ministri Ghulam Mujtaba Patang

Owganystanyň parlamenti ýurduň içeri işler ministrini wezipesinden boşatdy.

Duşenbe güni parlament agzalary ýurtda howpsuzlygyň gowşamagy we Içeri işler ministrliginiň çäginde korrupsiýanyň ýaýramagy sebäpli Ghulam Mujtaba Patangy wezipesinden boşatmak barada ses berdiler.

Parlamentiň aýtmagyna görä, öň Patang howpsuzlyk boýunça geçirilen parlament diňlenişiklerine gatnaşmakdan ýüz öwrüpdir.

Ses berişlik

Parlamentiň başlygy Abdul Rauf Ibrahimi owgan parlamentiniň aşaky öýüniň 250 agzasyndan 136 adamyň Patanga garşy ses berendigini yglan etdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý parlamentiň kararyna gaýtadan garalmagyny sorap, Baş suda ýüz tutmakçydygyny aýtdy.

Karzaýyň administrasiýasy prezidentlik saýlawlarynyň we NATO-nyň güýçleriniň ýurtdan çykmagynyň öňüsyrasynda howpsuzlygy ýola goýmaga çalyşýar. Şeýle ýagdaýda Patangyň wezipesinden çetleşdirilmegi hökümet üçin uly synag bolup durýar.

Ses berişligiň geçirilen wagtynda parlamentde bolan Patang kanun çykaryjylar tarapyndan berk tankyda sezewar edildi.

Kanun çykaryjy Nawab Mangal Patangyň içeri işler ministri bolan döwründe Owganystanyň howpsuzlygynyň hasam gowşandygyny aýtdy.

Içeri işler ministriniň çykyşy

Öňki polisiýa ofiseri Patang korrupsiýa bilen bagly aýyplamalar bilen hem ýüzbe-ýüz boldy.

Patang Içeri işler ministrliginiň düzüminde käbir kemçilikleriň bolandygyny boýun aldy, emma ol parlamentiň birnäçe agzasyny özüne basyş etmekde we ýarag götermäge rugsat berilmegini talap etmekde aýyplady. Patang öz orunbasarlarynyň käbiriniň özüne garşy dildüwşük gurnandygyny hem aýtdy.

Şeýle-de Patang ýurtda howpsuzlyk ýagdaýynyň agyrdygy belledi. Ol bahar aýlaryndan bäri ýurtda 2748 polisiýa ofiseriniň, ýagny içeri işler güýçleriniň 2%-niň talyp gozgalaňçylarynyň hüjümlerine duçar bolandygyny aýtdy. Bu sana ýaralananlaryň hem girýändigi barada habar berilýär.
XS
SM
MD
LG