Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ministri ÝB hyzmatdaşlygyny goldaýar


Uladzimir Makeý, Brýussel, 22-nji iýul, 2013 ý.
Uladzimir Makeý, Brýussel, 22-nji iýul, 2013 ý.
Belarusyň daşary işler ministri Uladzimir Makeý öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşiginiň Pasha partnerlygy programmasy boýunça hemme taraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini aýtdy.

Makeý duşenbe güni Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň kommissarlary bilen duşuşdy.

Ýewropa Bileleşigi Belarusda 2010-njy ýylda geçirilen dawaly prezident saýlawlaryndan soň, oppozisiýa goldawçylarynyň basylyp ýatyrylmagy zerarly, Minskiniň hökümet resmilerine garşy wiza gadaganlygyny girizipdi. Bu şondan bäri şeýle derejedäki belarus resmisiniň Ýewropa eden ilkinji saparydyr.

ÝB golaýda gara sanawa girizilen resmileriň arasynda bolan Makeýiň wiza gadaganlygyny ýatyrdy we ol şeýle syýahat mümkinçiligine eýe boldy.

Makeý ÝB resmileri bilen Pasha partnerlygy ýurtlarynyň alty agzasynyň arasynda bolan duşuşykdan soň, žurnalistleriň öňünde çykyp gürledi.

"Biz Wilnýus sammiti barada gürleşdik, biz ol ýerde kabul ediljek jarnama barada maslahatlaşdyk. Biz ol jarnama boýunça käbir teklipleri orta atdyk. Ozaly bilen, biz partner ýurtlaryň hemmesine deňe gözde, kemsitmesiz esasda garalmaly diýip pikir edýäris. Biz özümiziň Pasha partnerlygy programmasynyň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýandygymyzy aýtdyk."

Bu sammit noýabr aýynda geçirilmeli we oňa Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gürjüstanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň giňelmek boýunça komissary Stefan Fuele Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna beren interwýusynda özüniň Makeý bilen gönümel gürleşmek mümkinçiligine eýe bolandygyny aýtdy.

"Biz duşuşykdan öň az salym gürleşip bildik we ikimizem onuň bu ýerde bolmagynyň belarus häkimiýetleri bilen durnukly gatnaşygyň alamaty bolup durýandygyny belledik. Bu ýerde bir tarapdan ÝB-niň ähli agza döwletleri tarapyndan kesgitlenen şertleriň öňe sürülmegi, edil şol wagtda hem Pasha partnerlygynyň teklipleriniň doly güýjünde, onda-da diňe köptaraply ölçegler boýunça däl, eýsem ikitaraply gatnaşyklar boýunça ulanylmagy barada gürrüň barýar."

Pasha partnerlygy gündogar Ýewropa we günorta Kawkaz ýurtlaryny Ýewropa Bileleşigine golaýrak getirmek üçin demokratik we ykdysady reformalara itergi bermegiň ýoluny agtarýar.
XS
SM
MD
LG