Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagban bellenen "öli janlar"


Täze döredilen arça tokaýlygy
Täze döredilen arça tokaýlygy
Geçen hepde Ýanbaş obasynyň günortasyndaky dag eteginde ýerleşen tokaý zolaklarynyň uçastok ýolbaşçylarynyň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy aýdylýar.

Olara ýöňkelen günä il içinde orsça “mertwyýe duşi” diýlip atlandyrylýar, türkmen diline terjime edilende, bu “öli janlaryň” ulanylmagy bilen bagly jenaýat. Ýagny, olar işlemedik adamlara pul, aýlyk ýazyp almakda günälenýär.

Häzirlikçe näçe adamyň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy barada maglumat ýok. Emma, aýdylşyna görä, garşysyna jenaýat işi gozgalan ýolbaşçylar atlaryny ýöredýän “öli janlaryň” her haýsysyna aýlyk wedomstyna gol çekendikleri üçin 100 manat berip, aýlygyň galanyny özlerine alýan ekenler.

Işe gelmän, diňe aýlyk wedomstlaryna gol çekip gidýän “öli janlara” hem çäre görlüpdir. Olaryň hersi 10 müň manat tölemeli edilipdir. Emma, bu tölegiň nähili kanunçylyk esaslarynyň bardygyny anyklamak başartmady.

Giň ýaýran hadysa

Býujet edaralarynda işleýän ildeşlerimiz “öli janlar” diýlip atlandyrylýan bidüzgünçiligiň ýurduň döwlete degişli edara-kärhanalarynda giň ýaýran hadysadygyny, aýlyklaryny alanlarynda aýda bir gezek görünýän işgärlere duş gelýändiklerini aýdýarlar.

“Olara göze görünmeýän işgärlerem diýse bolar. Aýda bir gezek gelip aýlyk haky üçin gol çekip gidýärler. Galan wagt olar iş ýerlerinde görünmeýärler” diýip, paýtagtyň kommunal hojalygynyň işgäri Durdy gürrüň berýär.

Durdynyň aýtmagyna görä, onuň işleýän kommunal hojalyk edarasynda 60-dan gowrak ”öli jan” bar. “Biziň edaramyzda öli janlaryň bardygyny her kim bilýär. Olaryň ählisi diýen ýaly başlygymyzyň garyndaşlary, tanyş-bilişleri. ”Öli janlary” saklamak başlygymyz üçin goşmaça gazanç. Bu emel “öli janlara” iş stažyny ýöretmäge hem mümkinçilik berýär. Bu iki tarapa-da bähbitli” diýip, Durdy aýdýar.

"Bähbitli" işiň zyýany

Emma bu ikitaraplaýyn “bähbitli” iş edara-kärhanalaryň beýleki işgärleri üçin goşmaça problema bolýar. Sebäbi, edara-kärhanalardaky “öli janlaryň” ýa-da göze görünmeýän işgärleriň deregine beýleki işgärler işlemeli bolýarlar.
Täze döredilen tokaý
Täze döredilen tokaý

“Biziň edaramyzda garawul bolup gezekli-gezegine dört adam durmaly. Emma biz iki adam bolup garawulçylyk edýäris. Galan iki garawulyň wezipesini “öli janlar” eýeleýär. Başlyk olaryň aýlyklaryny özüne alýar” diýip, Aşgabadyň bir döwlet edarasynyň garawuly Bazar aga aýdýar.

“Öli janlar” meselesiniň garaşsyzlyk döwründe ýurt üçin iň ýiti problemalaryň biri bolan işsizligiň hem ýitileşmegine belli bir derejede sebäp bolýandygy aýdylýar. Çünki “öli janlar” işlemäge isleg bildirýän diri adamlaryň iş ýerini eýeleýärler.

“Öli jan” bolýanlaryň köpüsi üçin şol iş gerek hem däl. Olaryň arasynda gurply maşgalalardan bolanlar hem az däl. Olar diňe iş stažyny ýöretmek üçin “öli jan” bolup işlemäge razy bolýarlar” diýip, Durdy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Garşy göreşilýär, emma...

Ýurduň döwlete degişli edara-kärhanalarynda “öli janlaryň” giň ýaýrandygyna garamazdan, bu nogsanyň garşysyna alnyp barylýan göreşiň geriminiň çäklidigini adynyň efirde tutulmazlygyny islän döwlet resmisi aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, aram-aram döwlet edara-kärhanalarynyň käbirlerinde “öli janlary” ýüze çykarmak işleri alnyp barylýar. Şol barlaglaryň netijesinde edaralaryň ýolbaşçylarynyň garşysyna jenaýat işleri hem gozgalýar.

“Emma bu iş köplenç halatda şol ýolbaşçylary wezipelerinden aýyrmak üçin bahana hökmünde ulanylýar. Iň soňy şol basylan başlygyň deregine goýlan başlygam ýene-de “öli janlary” işledip başlaýar” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik döwlet resmisi aýtdy.

Adat bolşy ýaly, geçen hepde ýüz beren “öli janlar” bilen bagly waka barada-da ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG