Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika: Polisiýa we jenaýatçylar çaknyşdy


Meksikanyň günorta-günbataryndaky Miçoakan ştatynyň alty şäherinde ýaragly jenaýatçylar bilen polisiýa çaknyşanda 22 adam öldi. Bu barada ýerli resmiler maglumat berýär.

Içeri işler ministrliginiň aýtmagyna görä, çaknyşyklarda polisiýanyň iki işgäri we “jenaýatçydygy öýdülýän 20 adam” öldürilipdir.

Miçoakan sebitini gazaply neşe jenaýatçylary öz gözegçiliginde saklaýarlar. Bu toparlar hem öz aralarynda, hem-de hökümetiň güýçleri bilen söweşýärler.

Soňky ýedi ýylyň dowamynda Meksikada neşe söweşlerinde 70 müň töweregi adamyň öldürilendigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG