Sepleriň elýeterliligi

Yrakda polisiýa işgärleri öldürildi


Yragyň demirgazygynda söweşijileriň dokuz polisiýa işgärini öldürendigi maglumat berilýär.

Yragyň resmileriniň sözlerine görä, söweşijiler çarşenbe güni ir bilen Başmaýa şäheriniň polisiýa nokadyna hüjüm edipdirler. Wakada iki polisiýa işgäriniň hem ýaralanandygy aýdylýar. Lukmanlar bu maglumaty tassykladylar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma soňky döwür Yrakda sünni we şaýy dawasy has ýitileşipdi.

Resmileriň berýän maglumatyna laýyklykda, şu aýyň dowamynda Yrakda 500-e golaý adam öldürilipdir. Ýylyň başyndan bäri öldürilen adamlaryň sany 3 müňden hem geçýär.
XS
SM
MD
LG