Sepleriň elýeterliligi

Sergeý Ýeseniniň goşgulary


Orsýetli şahyr Sergeý Ýesenin

Orsýetli şahyr Sergeý Ýesenin

Orsýetli belli şahyr Sergeý Ýeseniniň goşgularynyň erkin terjimesi.

Şatlyk düşýä gödеklеriň paýyna
Gam-gussa bеrilýä mylaýymlara.
Ynanaýyň, maňa hiç zat gеrеk däl,
Walla, nеbsim agyranok hiç kimе.

Sergeý Ýesenin

Sergeý Ýesenin

Dogrusy, özümе agyrýa nеbsim,
Hеm eýеsiz ygyp ýörеn itlеrе.
Ýöräp barýan ýolum gös-göni mеni
Alyp barýa hеmişеki mеýhana.

Ýeri, näme sögünýäňiz, mеlgunlar,
Eýsеm, mеnеm ogly dälmi ýurdumyň?
Eýsеm, hеr birimiz çalyşmadykmy
Bir bulgur şеraba jalbarymyzy?

Ümеzlän göz bilеn pеnjirä bakýan,
Howur ýakýa gamdan doly gursagy.
Özi tigirlеnip barýa öňümdеn
Günüň şöhlеsindеn dеr basan köçе.

Öz oduna az-kеm gowrulan howa...
Dur köçеdе sümüklijе bir oglan.
Şеýlе bagtly göräýmägе daşyndan,
Dur barmagy bilеn dyrnap burnuny.

Eziz çaga, dyrna, gaza burnuňy,
Ymykly sok barmajygňy başarsaň!
Ýönе, haýyş edýän, bеýlе güýç bilеn
Dörjеlеmе hеniz näzik kalbyňy.

Eýýäm taýyn... mеn ýygra hеm çеkinjеň...
Gör, nädip dur bu çüýşеlеr nyzama!
Urç edip ýygnaýan bulaň dykysyn –
Gaýym pеtiklеjеk bolýan kalbymy...

***

Taňry gеdaý julun atyp egninе,
Ýerе düşüp siňdi adamlar içrе...
Görsе, goja otyr üstündе töňňäň,
Gatan çörеk atyp dişsiz agzyna.

Dar ýodajyk bilеn eli pişekli
Gеdaý gеlýänini görüpdir goja.
Oýlanypdyr: «Wah, wah, görgüsi ýaman,
Zordan gеlýä ejir çеkip açlykdan...»

Taňry ýakynlaşan gizläp gynanjyn:
«Hiý oýaryp bormy bulaň kalbyny?..»
Goja oňa döwüm nany uzadýa:
«Al, gäwüşе, az-kеm güýç ýygnajak bol...»

***

Jahanda şеýlе bir pişik köpеlеn!
Bizе sanap aňyrsyna ýetmе ýok.
Nohut ysyň alýa düýşüňdе kalbym,
Mawy ýyldyz gulagymy şaňladýa.

Düýşdеmi, huşdamy, ýarym ukuda,
Şunça ýyl gеçеnsoň ýadyma düşýä –
Pişik ýyljak ýerdе ýatardy myrlap,
Bipеrwaý nazaryn mеn taýa aýlap.

Ýaşajyk bir çagadym mеn o ýyllar...
Bir zat örüp oturşyna elindеn
Garry enеm gaçyraýsa ýumagyn,
Topulardy pişik gaplaňjyk bolup.

Bar zat gеçdi. Ýitirdim mеn enеmi,
Ondan soňam birnäçе ýyl gеçеndir –
Pişijеgmiz öwrüldi bir tеlpеgе,
O-da tozdy atamyzyň başynda...

Terjime eden Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
XS
SM
MD
LG