Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Moldowa sapar edýär


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moldowa iki günlük sapary başlandy.

Berilýän maglumata görä, geçiriljek gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýet, gumanitar pudaklaryndaky ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk maslahat ediler.

Saparyň dowamynda goşa salgydy ýatyrmak baradaky ylalaşyga hem gol goýuljakdygy aýdylýar.

Moldowanyň prezidenti gepleşiklerde energetika pudagyna has köp ünsüň beriljekdigi mälim etdi.

“Itar-Tass” habar agentliginiň Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine salgylanyp berýän maglumatyna görä, 2012-nji ýylda Türkmenistan bilen Moldowanyň arasyndaky söwda dolanyşygy iki million dollar töweregi bolupdyr.
XS
SM
MD
LG