Sepleriň elýeterliligi

Italiýada stipendiýaly MBA


Italiýanyň “MIB school of management”, ýagny dolandyryş ugurlary babatda aspirantura hem-de MBA, ýagny biznes dolandyryşy boýunça master okuwlaryny hödürleýän ýokary okuw jaýynyň binasy.

Italiýanyň “MIB school of management”, ýagny dolandyryş ugurlary babatda aspirantura hem-de MBA, ýagny biznes dolandyryşy boýunça master okuwlaryny hödürleýän ýokary okuw jaýynyň binasy.

Italiýanyň “MIB school of management”, ýagny dolandyryş ugurlary babatda aspirantura hem-de MBA, ýagny biznes dolandyryşy boýunça master okuwlaryny hödürleýän ýokary okuw jaýy mundan 25 ýyl ozal esaslandyryldy. Bu ýokary okuw jaýynda okaýan talyplaryň 60%-ni daşary ýurtly talyplar düzýär.

Şeýle-de bu ýokary okuw jaýynda aspirantura okuwyny okamak üçin talyplaryň italian dilini bilmekleri hem zerur däl, hat-da TOEFL, IELTS ýaly iňlis dili boýunça halkara derejesinde ykrar edilen testleriň netijeleri hem soralanok.

Azatlyk Radiosy bu ýokary okuw jaýyna ýerleşmek, dokumentleri tabşyrmak, maliýa kömegini almak üçin nämeler edilmäli? diýen soraglary agzalýan ýokary okuw jaýynyň daşary ýurt talyplary kabul edýän bölüminiň başlygy Barabara Sepike berdi.

Azatlyk Radiosy: Ilkibaşda “MIB school of management”, ýagny dolandyryş ugurlary babatda aspirantura hem-de MBA, ýagny biznes dolandyryşy boýunça master okuwlaryny okadýan ýokary okuw jaýyňyz barada giňişräk gürrüň beräýseňiz?

Barbara Sepik: Biziň ýokary okuw jaýymyz kompaniýalaryň we akademiki dünýäniň arasyndaky konsorsiumdyr. Meniň muny nygtap geçmegimiň sebäbi, kompaniýalaryň biziň ýokary okuw jaýymyzda gaty ullakan roly bar.

Sebäbi şol kompaniýalar özleriniň bölüm müdirlerini, ýolbaşçylaryny biziň okuw jaýymyza ugradýarlar we olar hem biziň talyplarymyza leksiýa berýärler. Şeýle-de biziň bilen hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalar biziň talyplarymyza staž hem-de iş mümkinçiliklerini hem hödürleýärler.

Mundan başga-da belläp geçmek isleýän zadym, biziň daşary ýurt talyplaryna stipendiýalary hödürlemegimizde-de biziň hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalarymyzyň aýratyn roly bar. Sebäbi diňe şol kompaniýalaryň goşantlary netijesinde, biz daşary ýurt talyplaryna stipendiýa berip bilýäris.

Biziň ýokary okuw jaýymyz aspirantura hem-de MBA, ýagny biznes dolandyryşy boýunça master okuwlaryny okadýar. Aspirantura okuwlarymyz üç: ýagny, doly, ýarym gün we doly okuw ýaly görnüşlere bölünýär.

"MIB School of Management" ýokary okuw jaýynyň talyplary

"MIB School of Management" ýokary okuw jaýynyň talyplary

Aspiranturany doly hem-de ýarym gün okaýanlar üçin maliýe kömegi hödürlenýär. Şeýle-de aspiranturany doly okuw görnüşinde okamak isleýän daşary ýurtly talyplarymyz üçin hem birnäçe maliýe kömeklerini hödürleýäris. Ýagny, ýokary okuw jaýymyzda aspirantura ugry boýunça bilim aljak daşary ýurtly talyplar okuw tölegleriniň diňe 30%-ni töleýärler.

Biziň ýokary okuw jaýymyzda MBA, ýagny biznes dolandyryşy boýunça master okuwlaryny okamak isleýän talyplara bolsa 50%-den hem gowrak maliýe kömegi berilýär. Ýagny, biziň iň ýokary MBA okuwymyzyň tölegi 25 müň amerikan dollaryna barabar. Eger-de daşary ýurtly talyp biziň maliýe kömegimizden peýdalanmaga hukuk gazansa, onda ol [okuw üçin] diňe 12500 amerikan dollaryny ýa-da ondan hem az pul tölemeli bolar.

Elbetde, daşary ýurt talyplary biziň ýokary okuw jaýymyz hem-de hödürleýän maliýe kömeklerimiz barada goşmaça maglumatlary biziň websahypamyzda hem tapyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan bir talyp siziň ýokary okuw jaýyňyzda okamak islese, nähili dokumentleri ýygnamaly bolar ýa-da nähili dokumentleri tabşyrmaly bolar?

Barbara Sepik: Daşary ýurtly talyplar biziň www.mib.edu websahypamyza girip, aspirantura ýa-da MBA, ýagny biznes dolandyryşy boýunça masterlik okuwyny okamak isleýän ugruny saýlamaly bolýarlar. Soňra talyplar okuwa girmek üçin arzany doldurýarlar.

Şol arzada-da esasan hem ýokary okuw jaýyna girmek üçin gerekli bolan dokumentler we talybyň CV-si, ýagny okuw we biznes geçmişi baradaky dokumentleri soralýar. Şeýle-de arzada näme üçin biziň ýokary okuw jaýymyzda okamak isleýändigi, nämeleriň ony höweslendirendigi barada hem gysgajyk beýannama ýazmaly bolýarlar.

Arzanyň soňunda hem “Maliýe kömegine ýüzlenmek isleýärsiňizmi?” diýen sorag çykýar. Elbetde, talyplar bu soraga “hawa” diýip jogap bermeli bolýarlar. Şonda täze bir sahypa açylar. Şol sahypada hem talyplar, maliýe kömeginiň näme üçin özlerine berilmelidigi barada düşündiriş ýazarlar.

"MIB School of Management" ýokary okuw jaýynyň içi

"MIB School of Management" ýokary okuw jaýynyň içi

Talyplar arzalaryny tabşyrandan birnaçe gün soň, biz olaryň arzalaryna jogap ýazýarys. Eger-de biziň ýazan ilkinji jogabymyz oňyn bolsa, onda talypdan birnäçe dokumentlerini, ýagny ýokary okuw jaýyny tamamlandygy hakyndaky diplomynyň we iki sany häsiýetnama hatynyň kopiýalaryny email arkaly bize ugratmagyny soraýarys. Ondan soň biz telefon arkaly söhbetdeşlik geçirýäris.

Soňra men talybyň ähli dokumentlerini okuw jaýymyzyň kabul ediş komissiýasyna hödürleýärin we şol ýerde hem biz talyby maliýe kömegi bilen ýokary okuw jaýyna kabul etmek ýa-da etmezlik barada netijä gelýäris. Komissiýada biziň ilkinji üns berýän zadymyz talybyň akademiki geçmişidir.

Eger-de ol gowy bolsa, onda biz göni maliýe kömegini bermek barada karara gelýäris. Netijede biz jemi 10 günüň dowamynda talyba onuň okuwa kabul edilip-edilmändigi barada habar berýäris. Şeýle-de oňa nähili maliýe kömegini hödürleýändigimizi hem mälim edýäris.

Azatlyk Radiosy: Siziň okuw jaýyňyza we maliýe kömegiňize Türkmenistandan ýüzlenjek talyplar üçin aýratyn talap edýän dokumentleriňiz barmy? Ýagny, olaryň iňlis dilini doly bilmekleri hökmany diýen ýaly şertleriňiz barmy?

Barbara Sepik: Ýok, ýok gerek däl. Eger-de siz TOEFL ýa-da GMAT ýaly synaglaryň netijeleri barada gürrüň edýän bolsaňyz, olar ýaly dokumentler gerek däl. Sebäbi biziň üçin talyplaryň iňlisçäni ýokary derejede bilmegi hökman däl. Biziň üçin olar iňlisçäni adaty derejede bilseler-de ýeterlik.

Biziň üçin esasy zat - talyplaryň iki ýyl işländigi hakynda stažynyň, ýokary okuwy tamamlandygy hakyndaky diplomynyň iňlisçe görnüşiniň, şeýle-de iki häsiýetnamanyň iňlis dilinde bolmagy zerur. Häsiýetnamanyň ikisi-de professorlardan alnan bolsa, biziň üçin has göwnejaý bolýar. Biziň talap edýän dokumentlerimiz şulardan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtly talyplaryň italýan dilini bilmekleri zerurmy?

Barbara Sepik: Ýok, olaryň italýan dilini bilmeklerine hiç hili zerurlyk ýok. Emma biziň käbir mümkinçiliklerimiz hem bar. Talyplar Italiýa okamaga gelende, olar goşmaça italýan kurslaryna ýazylyp, italýan dilini hem öwrenip bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz aspirantura ýa-da MBA okamak üçin dokument tabşyrýan ýaşlara ýaş çäklendirmelerini goýýarsyňyzmy?

Barbara Sepik: Ýok, biziň talyplar üçin ýaş çäklendirmelerimiz ýok. Gaýtam, biz talyplardan azyndan iki ýyl işländigi hakynda stažynyň we ýaşynyň hem 25-den ýokary bolmagyny talap edýäris.

Azatlyk Radiosy: Talyplar dokumentlerini haçan tabşyryp bilerler?

Barbara Sepik: MBA-da okamak isleýän talyplar dokumentlerini awgust aýynyň 15-den başlap biziň websahypamyzdaky ýörite bölümimize tabşyryp bilerler. Biz talyplara dokumentlerini irräk tabşyrmagy maslahat berýäris. Sebäbi bilşiňiz ýaly, daşary ýurt talyplary wiza almaly bolýarlar we wiza almak prosesi hem köp wagty talap edýär. Şonuň üçin biz olara dokumentlerini irräk tabşyrmagy maslahat berýäris.

Dokumentleri kabul edişlik 1 aý dowam eder. Aspiranturada okamak isleýän talyplar bolsa dokumentlerini ýanwar aýyndan başlap biziň websahypamyzdaky ýörite bölümimize tabşyryp bilerler.
XS
SM
MD
LG