Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Moldowa: Taraplary näme ýakynlaşdyrýar?


Moldowanyň prezidenti Nikolae Timofti (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), 24-nji iýul, 2013.
Moldowanyň prezidenti Nikolae Timofti (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), 24-nji iýul, 2013.
Türkmenistanyň prezidenti Moldowa resmi sapar edýär. Resmi maglumatlara görä, türkmen prezidentiniň 24-nji iýulda başlanýan bu iki günlük resmi sapary Moldowa tarapynyň çakylygy boýunça geçirilýär.

Bu iki ýurdy näme birleşdirýär? Bu sapardan nämä garaşyp bolýar?

Azatlyk Radiosy postsowet döwletleri boýunça bilermen, Moskwanyň Ýokary ykdysady mekdebiniň Informasiýa, ykdysadyýet we syýasat boýunça fakultetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Andreý Suzdaltsew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistany we Moldowany näme birleşdirýär?

Andreý Suzdaltsew: Bu iki ýurduň arasynda şu çaka çenli kesgitli aragatnaşyk bolmandy. Bu ýurtlar territorial taýdan bir-birinden daşda ýerleşýärler, olaryň söwda dolanyşygy-da ujypsyz. Bu ýurtlary, esasan, olaryň postsowet gişiňligine degişlidigi birleşdirýär diýse bolar.

Bu ýerde olaryň arasynda bar bolan birmeňzeşligi hem belläp geçmek gerek. Olaryň ikisi-de regiondaky proseslerden köplenç daşda galyp gelýärler. Türkmenistan öz bitaraplygyna daýanyp, regional meselelere goşulman gelýär. Moldowa bolsa içerki syýasy gapma-garşylyklary başdan geçirýär. Ýurtda Rumyniýa bilen birleşmek ýa-da Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşmak barada diskussiýalar güýçlenýär.

Şeýlelikde ýurtlary olaryň regional proseslere goşulyşmazlygy birleşdirýär. Taraplaryň bu ýagdaýlar barada pikir alyşmaklaryna garaşmak mümkin.

Azatlyk Radiosy: Ykdysady ugurdan nähili meseleleriň orta atylmagyna garaşýarsyňyz?

Andreý Suzdaltsew: Energiýa meselesi bar. Türkmenistanyň esasy baýlygy tebigy gaz. Moldowa bolsa ýyllar boýy Orsýetiň öňünde [sarp edýän] gazy üçin bergili ýurt bolup galýar. Elbetde, Merkezi Aziýadan, ilkinji nobatda-da Türkmenistandan, göni gaz almak hem Ukrainanyň hem-de Moldowanyň köpden bäri ýüreginde besläp gelýän arzuwydyr. Soňky wagtda rumyn-moldowan gazgeçirijisi barada hem gürrüň edilýär. Şonuň üçin energiýa meselesi iki ýurt arasyndaky gepleşiklerde gozgalar diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Moldowanyň senagat infrastrukturasyna we dynç alyş-syýahatçylyga degişli bilelikdäki proýektlere uly üns berýändikleri barada resmi habar berilýär. Ýurtlaryň bu ugurlardaky gatnaşyklarynyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz?

Andreý Suzdaltsew: Bu gatnaşyklar ýok diýen ýaly. Türkmenistan soňky ýyllarda öz milli turizm pudagyny ösdürmegiň çäginde Awaza syýahat zonasyny ýaýbaňlandyrýar. Moldowanyň syýahatçylyk biznesi Türkmenistanyňkydan has aktiw. Emma iki ýurduň syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlygyny nädip aktiwleşdirip biljekdiklerini göz öňüne getirmek kyn.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, türkmen prezidentiniň Moldowa saparyndan nämä garaşyp bolar?

Andreý Suzdaltsew: Meniň pikrimçe, bu sapara ýurtlaryň abraýyny artdyrmak üçin edilýän bir wizit hökmünde garamak mümkin. Şonuň üçin gepleşikleriň gün tertibinde taraplaryň bir-birini öz garaýyşlary bilen tanyşdyrmagyndan başga zada garaşmak kyn diýip pikir edýärin. Umuman, Moldowanyň ykdysady mümkinçilikleri barada aýdylanda, olar Türkmenistanyňkydan has çäkli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti Moldowa saparynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady taýdan perspektiwalaryň bardygyny belledi. Ýurtlar bu ugurdan bir-birine näme teklip edip bilerler?

Andreý Suzdaltsew: Moldowa gök-önümlerini we çakyrlaryny eksport edýär. Şol bir wagtda-da ýurtlar bir-birine oba hojalyk tehnologiýalaryny teklip edip bilerler. Emma bu iki ýurduň howa şertleri düýpgöter tapawutlanýar. Umuman, Moldowanyň eskporty haryt önümlerine esaslanýar, Türkmenistanyňky bolsa çig mala, ýagny tebigy gaza esaslanýar. Syýasy gatnaşyklar barada aýdylanda, özüniň daşary syýasatynda bitaraplygyny öňe sürýän döwlete, adatça, ýaran hökmünde bil baglanmaýar.
XS
SM
MD
LG