Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Snowdeniň durumyny biljek bolýar


Şeremetýewo aeroportynyň kafesi, TW-de E.Snowden hakynda habar berilýän pursaty, 24-nji iýul, 2013 ý.

Şeremetýewo aeroportynyň kafesi, TW-de E.Snowden hakynda habar berilýän pursaty, 24-nji iýul, 2013 ý.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Moskwadan ABŞ-nyň ozalky aňtaw işgäri Edward Snowdene Moskwa aýeroportyny terk etmäge ygtyýar berýän dokumentleriň gowşurylandygy baradaky habarlary anyklamaga synanýar.

Snowden ol aýeroportdan bir aý bäri çykyp bilmän otyr.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň çarşenbe güni Snowdeniň işi boýunça Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa telefon edendigini aýtdy.

"Elbetde, biz metbugat habarlaryny gördük we Orsýetiň hökümetinden anyklaşdyrma isleýäris. Mälim bolşy ýaly, jenap Snowdene aýeroporty terk etmäge ygtyýar berýän islendik hereket düýpli lapykeçlik döreder. [ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri] şu gün irden [Orsýetiň] daşary işler ministri [Sergeý] Lawrow bilen gürleşdi. Ol biziň ynanjymyzy – Birleşen Ştatlaryň ynanjyny gaýtalady, ýagny jenap Snowdeniň Birleşen Ştatlara gaýtarylmagynyň zerurdygyny, onuň bu ýerde adalatly sud ediljegini [we] Orsýetiň henizem dogry bolan işi edip biljegini aýtdy."

Başga bir tarapdan, Ak tam Snowdeniň statusy barada anyklaşdyrma agtarýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar Snowdeniň ABŞ-nyň gizlin global ýelektron gözegçilik programmalary baradaky detallary syzdyranlygy üçin sud öňünde jogap bermegini isleýär. Waşington Snowdeniň amerikan pasportyny güýçsüz diýip yglan etdi we bu ýagdaý ony Moskwa aýeroportunyň tranzit zonasyna gabap goýdy.

Orsýetiň metbugaty çarşenbe güni irden ors häkimiýetleriniň Snowdene aýeroporty terk etmäge ygtyýar berjegini aýtdy.

Snowdeniň arzasyna seredilýär

Emma Snowdene kömek edýän ors aklawçysy Kuçerena çarşenbe güni, şol habarlar çap edileninden soň, Snowdeniň gaçybatalga sorap ýazan arzasyna entek jogap berilmändigini, ýagny oňa seredilýändigini aýtdy:
Anatoly Kuçerena (Ç), Snowdene kömek berýän ors aklawçysy. Şeremetýewo, 24-nji iýul, 2013 ý.

Anatoly Kuçerena (Ç), Snowdene kömek berýän ors aklawçysy. Şeremetýewo, 24-nji iýul, 2013 ý.


"Häzir onuň gaçybatalga sorap ýazan arzasy Orsýetiň Federal migrasiýa gullugynyň işgärleriniň elinde. Federal migrasiýa gullugy bu arza boýunça belli karara gelmek üçin ony üç aýa çenli saklap bilýär. Şeýle karara gelinýänçä bolsa, Migrasiýa gullugy bir sprawka çap edýär we ol arzaça gowşurylýar. Ol sprawkada arzanyň gowşandygy we häzir oňa seredilýändigi habar berilýär. Şeýle sprawka hakykatda islendik pursatda çap edilip bilner, emma ol entek çap edilenok."

Kuçerena Snowdeniň häzirlikçe aýeroportda bolmakçydygyny aýtdy. Ol Snowdeniň Orsýetde galyp, ors medeniýetini özleşdirmegi we «Orsýeti öwrenmegi» niýet edinýändigini gürrüň berdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, eger Snowden Orsýetde galmak isleýän bolsa, onda ol Birleşen Ştatlara zyýan ýetirýän maglumatlary syzdyrmagy bes etmeli diýipdi.
XS
SM
MD
LG