Sepleriň elýeterliligi

'Irancell' sünnüleri kemsitmekde aýyplanýar


Eýranly zenan mobil telefonyny ulanýar

Eýranly zenan mobil telefonyny ulanýar

Eýranyň iň uly mobil aragatnaşyk kärhanalaryndan biri öz müşderilerine ugradan SMS-i sebäpli kanunçylyk taýdan kynçylyklara uçrady. Ol sünni musulmanlaryň sylanýan beýik şahsyýetine, ýagny dört çaryýarlaryň birine dil ýetirmekde aýyplanýar.

SMS arkaly sorag

Geçen hepde esasan sünnüleriň ýaşaýan ýeri bolan Sistan-Bulujystan welaýatyndan bir prokuror "Irancelle" onuň öz abonentlerine ugradan soragy sebäpli nägilelik bildirip, suda ýüz tutdy.

SMS arkaly abonentlere ugradylan soragyň mazmuny şeýle: “Ymam Alynyň döwründe haýsy kazy iblisiň alyna gidipdir?”.

SMS ýaryşyna gatnaşyjylara berlen bu sorag test görnüşinde bolup, olar iki jogapdan birini saýlamaly edilipdi. Jogaplaryň birinde hem sünni we şaýy musulmanlaryň arasynda jedelli çekeleşikleriň çeşmesi bolan Omaryň ady bardy. Ýagny, soragdan çen tutup, berilmeli jogapda Omar şeýtanyň alyna giden bolmagy ahmal diýen netije çykýardy. Bu ýagdaý hem sünnülerde nägilelik döretdi.

Omar Muhammet pygamberiň yzyny ýöreden ikinji halyfdy we ol Aly we beýlekiler bilen bir hatarda “Raşidun Halyfdan”, ýagny dört çaryýarlardan biridi.

Şaýylaryň ynanjyna görä bolsa, Muhammet pygamberden soň iň dogry we adalatly baştutan Aly hasaplanýar, beýleki üç halyfa, şaýylaryň ynanjyna görä, kabul edilmeýär.

Agzalýan SMS Eýrandaky sünni azlyklaryň degnasyna degdi we olar "Irancelle" garşy boýkot yglan etdiler.

Eýrandaky sünnüler

Eýranda näçe sany sünnüniň ýaşaýandygy barada resmi hasabat ýok . Käbir çaklamalara görä, ýurduň ilatynyň 10 göterimi sünnülerden ybarat. Köp wagtdan bäri ýurduň içinde ýaşaýan sünnüler özleriniň Eýran häkimiýetleri tarapyndan ýekirilýänliklerinden we kemsidilýändiklerinden arz edip gelýärler.

”Irancelliň” öz abonentlerine beren soragyna protest bildirýän admalar berlen soragyň sünni ynanjyny kemsidýändigini aýdýarlar.

Facebook sosial ulgamynda açylan "Campaign to Boycott Irancell", ýagny “Irancelli" boýkot etmek ugrundaky kampanýa" atly sahypada bu barada şeýle diýilýär: "Irancell" Hezreti Omary äsgermezlik bilen diňe bir sünnüler tarapyndan hormatlanýan beýik şahsyýeti kemsidenok, eýsem beýle etmek asyrlardan-asyrlara aşyp gelýän Eýran medeniýetini we siwilizasiýasyny hem kemsitmek bolýar".

Sistan we Bulujystan welaýatynda, şeýle hem Kürdüstan welaýatynda ýaşaýan sünni raýatlaryň özleriniň "Iransellden" alan SIM kartalaryny çykaryp zyňandygy habar berilýär.

Sylanýan köp sanly sünni kethudalar hem mobil aragatnaşyk kärhanasynyň bu eden ýalňyşy üçin protest bildirip, olary halkdan ötünç soramaga çagyrdy.

Eýran sünnüleriň ruhany lideri we Zahedandanda okalýan juma namazlarynyň ymamy Molawi Abdolhamid "Irancelli" diňe bir sünnülerden ötünç soramaga däl, eýsem şaýylardan hem ötünç soramaga çagyrdy. Sebäbi islendik dini ynanjyň kemsidilmegi bütin halklar üçin oňaýsyz ýagdaý döredýär diýip, ol bu ugurdan öz pikirini beýan etdi.

Sünni kanunçykaryjylar hem kompaniýanyň garşysyna protest bildirip, kazyýeti agzalýan mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň işine çynlakaý çemeleşmäge çagyrdy.

Sünni kanunçykaryjylaryndan 18 sanysy 18-nji iýulda geçirilen parlament mejlisiniň öňisyrasynda ýaýradan öz beýanatynda şeýle diýýär: "Biz Eýran parlamentiniň sünni agzalary hökmünde sünni ynançlaryna zyýan berýän, oňa şek ýetirýän we dil ýetirýän islendik hereketi gönüden-göni yslamyň pygamberi Muhammet pygamberiň garşysyna edilen hereket hökmünde kabul edýäris we olary berk ýazgarýarys".

“Bilgeşleýin edilmedik ýalňyşlyk"

"Irancell" jedellere reaksiýa bildirip, taýýarlanan soraglaryň mazmunyna we kanunylygyna jogapkärçiligi soraglary taýýarlaýan kompaniýanyň üstüne ýükledi.

Soraglary taýýarlan “Golden Key” kompaniýasy bolsa jedelli soragyň “bilgeşleýin edilmedik ýalňyşlykdygyny” aýtdy we olar bütin musulmanlardan “çyn ýürekden” ötünç soraýandyklaryny äşgär etdiler.

“Golden Key” kompaniýasynyň dolandyryjysy Jawad Zamanzadeh ýarym resmi pars habar agentligine beren interwýusynda mobil operatoryň sünnülerden arz-şikaýatlary kabul edip başlan badyna, bäsleşigi togtadandygyny aýtdy. Şeýle-de ol öz kompaniýasynyň ýakyn wagtda “yslam äleminde agzybirlik” şygary bilen täze bir bäsleşik geçirmäge taýýarlanýandygyny habar berdi.

Jawad Zamanzadeh beýle gödek ýalňyşlygyň mundan beýläk hiç haçan gaýtalanmajakdygyna söz berdi.

Ötünç soralsa-da...

Elbetde, bu soralan ötünç kazyýetiň işine täsir edip bilmedi.

18-nji iýulda Sistan we Bulujystan welaýatynyň merkezi şäheri bolan Zahedan şäheriniň prokurory Muammet Marziah "Irancelle" sünni musulman ynanjyny kemsidip, halk köpçüligini biynjalyk edeni üçin oňa günä bildirlýändigini habar berdi. Marziah "Irancelliň" bu etmişi bilen sünni we şaýy musulmanlaryň arasyndaky jebislige we agzybirlige şikes ýetirendigini öz sözleriniň üstüne goşdy.

“Eýranyň dini lideri Hameneýiň çykaran pitiwasynda aýdylşy ýaly, sünnüleriň gymmatlyklaryna şek ýetirmek hem haramdyr, şonuň üçinem bu kanunyň bozulmagydyr. Şonuň üçinem 'Irancelliň' bu etmişiniň jenaýatdygy we kanunçylyga şikes ýetirýändigi subut edilen hakykatdyr" diýip, Marziah Eýran habar saýtlarynyň birinde aýdýar.

"Irancelle" näme jeza beriljekdigi entek belli däldi.

Ruhany lider Abdulhamid öz beýanatynda prokurora bu mesele boýunça suda ýüz tutany üçin minnetdarlyk bildirdi we öz tarapdarlaryny soralýan ötünji kabul etmäge, bagyşlamaga çagyrdy.

Kompaniýanyň ötünç soramagy "Irancelli" boýkot etmäge gatnaşan kanunçykaryjylar, ruhanylar we resmiler tarapyndan hoşallyk bilen garşylandy we “örän oňat sepgit” diýlip atlandyryldy. Ruhany lideri bu ötünç beýleki iş alyp barýan kompaniýalara, media toparlaryna we guramalara göz bolsun, olar hem halkyň dini ynançlaryny kemsitmezlik üçin ägä bolsunlar diýdi.

19-njy iýulda "Irancelle" garşy boýkot kampanýasyny alyp barýan Facebook sahypasy özlerinden soralan ötünjiň hem-de kemsidilme bilen baglanyşykly suda ýüz tutulmagynyň kampanýanyň beren "oňyn netijeleridigini" aýtdy. Kampaniýa gatnaşyjylar Abdulhamidiň sözlerine eýerip, öz işlerini soňlaýandgyny aýtdylar.

Facebook sahypasynda "Irancelliň" kemstime bilen baglanyşykly ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak üçin edýän tagallalarynyň hem-de 'Golden Key' kompaniýasynyň soran ötünjiniň yslamy ahlagyň esaslaryna görä kabul edilmelidigi” bellenip geçilipdir. “Biziň kampanýamyzyň netije bermeginiň düýp sebäbi biziň agzybirligimiz, jebisligimiz we kampanýanyň asudalygydyr” diýip, sahypada bellenilýär.

Sistan we Bulujystan ýaly Eýranyň sünni regionlary soňky ýyllarda dartgynlylygyň we partlamalaryň merkezine öwrüldi. Şol sebäpden-de hökümet agzalýan ýerlerde mundan ozal howpsuzlygy güýçlendirip, dartgynlygy basyp ýatyrýan çäreleri görüpdi.
XS
SM
MD
LG