Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa: Otly heläkçiliginde 77 adam öldi


Ispaniýanyň demirgazyk-günbatarynda ýokary tizlikde barýan otlynyň relsden agmagy netijesinde 77 adam öldi, 130-dan gowragy hem ýaralandy.

Çarşenbe güni bolan bu otly heläkçiliginde ýogalanlaryň sanyny penşenbe güni irden Ispaniýanyň Galiçiýa regionynyň sud resmileri mälim etdi.

Bu otly heläkçiligi El Ferrol şäherininden 95 kilometr günortada ýerleşýän Santiago de Kompostello otly duralgasynyň golaýynda boldy.

Maglumatlara görä, otly Madridden El Ferrol şäherine tarap hereket eden ekeni. Ispaniýanyň resmileriniň pikirine görä, bu waka terror hüjümi bolman, otly heläkçiligidir.
XS
SM
MD
LG