Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiniň sudy "adalatsyz boldy"


Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy Orsýetiň "Ýukos" nebit kompaniýasynyň öňki başlygy Mihail Hodorkowskiýniň we onuň işdeşi Platon Lebedewiň birinji sud işleriniň adalatsyz bolandygy we olaryň hukuklarynyň bozulandygy barada karar çykardy.

Ýewopanyň adam hukuklary boýunça sudy bu karary penşenbe güni mälim etdi.

Agzalýan suduň kazylary “orsýetli iki işewüre garşy gozgalan sud işinde güýçli esaslaryň bardygyny" belledi. Emma muňa garamazdan, olaryň sud diňlenişiginiň "adalatsyz geçirilendigini we nähäk uzakdaky jeza kaloniýalaryna ýerleşdirilendiklerini" nygtady.

Şeýle-de, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy orsýetli işewürleriň sud işiniň syýasy sebäplere görä gozgalandygy barada hiç hili esas tapmandyklaryny bellediler.

Mundan ozal Hodorkowskiý we Lebedew özlerine garşy gozgalan sud işiniň syýasylaşdyrylandygyny aýdypdylar.

Hodorkowskiý we Lebedew 2003-nji ýylda bidüzgünçilik aýyplamalary bilen tussag edilip, dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

2010-nji ýylda olara, bikanun ýagdaýda pul geçirmek we ogurlykda aýyplama bildirilip, goşmaça ýyl kesilipdi.
XS
SM
MD
LG