Sepleriň elýeterliligi

Diş merkezi: Üpjünçilik uzaga çekermi?


Täze açylan stomatologiýa merkezi. Aşgabat. 25-nji iýul, 2013 ý.

Täze açylan stomatologiýa merkezi. Aşgabat. 25-nji iýul, 2013 ý.

Geçen hepde Aşgabatda Stomatologiýa merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Resmi metbugatda habar berlişine görä, bu merkez ähli gerek bolan tehniki enjamalar we beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilipdir.

Emma şol merkeziň käbir stomatologlaryny täze merkezde diş bejermek üçin ulanylýan däri-dermanlaryň, ýagny zerur medisina serişdeleriniň näçe wagta ýetjekdigi uly alada goýýar. Olaryň aýtmaklaryna görä, dört ýyl mundan ozal Kelle we boýun keselleri keselhanasynda implantologiýa bölümi açylanda hem şol bölüm ilkibaşda implantologiýa üçin zerur serişdeler bilen üpjün edilipdir.

Emma wagtyň geçmegi bilen şol serişdeler gutarypdyr. Implantologiýa bölüminiň diş lukmany Rahman bu barada şeýle gürrüň berýär: “Häzir implantologiýa bölüminde şol serişdeler gutardy. Keselhananyň döwlete degişlidigine garamazdan, zerur bolan implantologiýa serişdelerini satyn almak üçin pul berilmeýär”.

Onuň aýtmagyna görä, häzir implantologiýa üçin zerur bolan serişdeleri lukmanlaryň özleri dürli ýollar we usullar bilen tapýarlar. “Şonuň üçin hem implantologiýa ilat köpçüligine elýeterli däl. Mysal üçin, bu bölüm açylaýan mahaly bir implantantyň bahasy 30 dollar bolan bolsa, indi 1000 dollara çenli ýetýär” diýip, Rahman ýagdaýy aýan edýär.

"Öz hasabyňa"

Kelle we boýun kesellerini bejerýän keselhananyň implantologiýa bölümindäki ýaly stomatologiýa serişdeleriniň ýetmezçiligi döwlete degişli beýleki stomatologiýa keselhanalaryna we kabinetlerine hem mahsus ýagdaý.

Döwlet tarapyndan zerur bolan serişdeleri satyn almak üçin pul goýberilmänsoň, diş lukmanlarynyň özleri şol serişdeleri satyn almaly bolýarlar. “Bu serişdeleri hususy dermanhanalardan ýa-da şol serişdeleri ýörite daşary ýurtlardan getirýän käbir adamlardan satyn almaly bolýar. Olaryň goýýan nyrhy bolsa örän ýokary ” diýip, Rahman gürrüň berýär.

Aşgabadyň öňki stomatologiýa merkezinde işlän diş lukmany Berdiniň aýtmagyna görä, Stomatologiýa merkezi birnäçe gezek Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine zerur bolan stomatologiýa serişdelerini satyn almak barada teklip edipdir.

“Emma ministrlik bu maksat üçin pul goýbermedi. Şonuň üçin diş lukmanlary öz pullaryna şol serişdeleri satyn alyp, işlemeli bolýardylar. Ýogsamam, işden çykmaly” diýip, Stomatologiýa merkeziniň öňki işgäri Berdi ýagdaýy gürrüň berýär.

Gadagançylyk

Şol bir wagtda-da Aşgabatda stomatologiýa serişdelerini satýan dermanhanalara agzalýan serişdeleri satmagyň gadagan edilýändigi-de aýdylýar.

“Bu gadagançylyk geçen aý hususy diş lukmanlarynyň garşysyna çäre görlüp başlananda girizildi. Häzir diňe käbir dermanhanalarda stomatologiýa serişdelerini tapyp bolýar” diýip, Stomatologiýa merkeziniň öňki işgäri Berdi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýurduň döwlete degişli stomatologiýa keselhanalarynyň we kabinetleriniň zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilmezligini korrupsiýa bilen baglanyşdyrýanlar hem bar. Saglygy goraýyş pudagynyň efirde adynyň tutulmazlygyny islän bir işgäriniň aýtmagyna görä, döwlete degişli lukmançylyk edaralarynyň zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilmezligi käbir çinowniklere goşmaça girdeji getirýär.

“Emeli defisit döredilmegi netijesinde lukmançylyk serişdelerini getirýänler örän uly girdeji gazanýarlar. Elbetde, olar munuň ýaly gazanç üçin ýokardakylara hem tölemeli bolýarlar” diýip, saglygy goraýyş pudagynyň efirde adynyň tutulmazlygyny islän işgäri dörän ýagdaý dogrusynda gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG