Sepleriň elýeterliligi

Sud Hodorkowskiý adalatsyz sud edildi diýýär


Ozalky ors tütjary M.Hodorkowskiý, 5-nji aprel, 2010 ý.

Ozalky ors tütjary M.Hodorkowskiý, 5-nji aprel, 2010 ý.

Ýewropanyň Adam hukuklary sudy Orsýetiň “Ýukos” nebit kompaniýasynyň ozalky başlygy Mihail Hodorkowskiniň we onuň ýoldaşy Platon Lebedewiň garşysyna edilen birinji suduň käbir aspektleri adalatsyz we adam hukuklaryny bozýar diýen karar çykardy.

Sud bu iki adamyň eden şikaýatlary boýunça gelen kararyny sişenbe güni yglan etdi.

Sudýalar “orsýetli biznes ýolbaşçylarynyň garşysyna bildirilen aýyplamalaryň berk esasy bar, emma olaryň işiniň seljerişligi adalatsyz boldy we olaryň gyrak-çetdäki jeza koloniýasynda ýerleşdirilmegi esassyz” diýen karara geldi.

Adam hukuklary sudy bu iki adamyň garşysyna gozgalan işiň syýasy äheňlidigini aňladýan delilleri tapmady, ýogsa olar şeýle şikaýat edipdiler.

Sud bu ýerde suduň bitaraplygyna ters gelýän bidüzgünçiligiň bolmandygyny, emma aklawçy-müşderi gizlinliginiň bozulmagyna, seljeriş sudunyň subutnamany adalatsyz alyp barlamagyna ýol berlendigini aýtdy.

Sud Lebedewiň sud seljerişlikleri mahalynda demir kapasada ýerleşdirilmeginiň kemsidiji bolandygy baradaky şikaýaty bilen razylaşdy.

"Olar adalatly sud edilmedi"

Hodorkowskiniň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça topary metbugat üçin beýanat ýaýratdy. Onda Hodorkowskiniň aklawçysy Karinna Moskalenko “Biz Ýewropa sudunyň kararynyň sud seljerişligi mahalynda Hodorkowskiniň bir topar hukugynyň bozulandygyny ýüze çykarmagyny gutlaýarys” diýýär.

Lebedewiň aklawçysy Elena Lipsteriň beýanatynda bolsa, şeýle diýilýär: “Bu suduň ýüze çykaran zatlarynyň uly ähmiýeti bar: Hodorkowskiý we Lebedew adalatly sud edilmedi.”

Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary geňeşiniň başlygy Mihail Fedotow Ýewropanyň Adam hukuklary sudunyň hiç bir syýasy sebäp tapmandygyny belläp, "Bu birinji iş boýunça gaýtadan sud etmek zerurlygynyň ýokdugyny aňladýar diýdi."

Emma muňa garamazdan, ol Orsýetiň sudunyň bu işde Ýewropa sudy tarapyndan ýüze çykarylan bidüzgüçiliklere seretjegini sözüne goşdy.

Putini tankytlanyndan soň...

Hodorkowskiý we Lebedew 2004-nji ýylda, gaplykda we salgyt tölemekden gaçmakda aýyplanyp sud edilipdi. Bu aýyplamalar Hodorkowskiý, Orsýetiň iň baý adamy syýasata goşulyp, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň syýasatyny tankyt edip başlanyndan soň ýüze çykypdy.

Onuň “Ýukos” nebit kompaniýasy Orsýetiň hökümetiniň bir topar salgyt şikaýatlaryna sezewar boldy we ahyrynda jemi 27 milliard amerikan dollaryny tölemeli edildi.

Şondan soň bu kompaniýanyň emlägi doňdurylydy. Talap edilýän salgydy töläp bilmän, “Ýukos” özüniň batandygyny yglan etdi we öz emlägini arzanladylan bahadan döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýalaryna satmaly boldy.

Boşadylmaly wagtlaryndan biraz öň, 2010-njy ýylda bolan ikinji sudda olar uly mukdarda pul ogurlamakda we pul ýumwakda günäli tapyldylar we bu ýagdaý türme möhletleriniň uzaldylmagyna getirdi.

Indi Lebedew 2014-nji ýylyň awgustynda, Hodorkowskiý bolsa oktýabrynda azat edilmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG