Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al-Kaýda” 2.0


Siriýadaky yslamçy söweşijiler
Siriýadaky yslamçy söweşijiler

“Al-Kaýda” terrorist topary indi ozalkysyndan has üýtgedi. Onuň ewolýusiýany başdan geçiren häzirki keşbini “Al-Kaýdanyň” ikinji wersiýasy diýip atlandyrsa hem bolar.

Irki döwürlerde “Al-Kaýda” aşa ekstremist häsiýetde bolup, diňe bir merkezden dolandyrylýardy. Global operasiýalar şol bir merkezden ugrukdyrylýardy.

“Al-Kaýdanyň” belli bir merkeze bagly bolman, has ýaýbaňlanan häsiýete eýe bolmagyna Osama bin Ladeniň ölümi, toparyň içindäki ýokary wezipeli serkerdeleriň aradan aýrylmagy, şeýle hem ýykgynçy toparyň Owganystandan yza çekilmegi sebäp boldy. Ýöne soňky çykan “Al-Kaýdanyň” dünýäniň çar künjeginde işler alyp barýan şahamçalary ozalkysyndan has howpsuz diýmäge hiç hili esas ýok.

Özbaşdaklyk

Muňa “Al-Kaýda 2.0” diýsegem bolar. “Al-Kaýda 2.0” – has kämilleşen terror topary bolup, görkezmeler aşaky şahamçalara ýokardan gelýär, ýöne şahamçalar fundamentalist yslamy ýaýyp, şeýle hem yslam älemindäki respublikan hökümetleriň arkasyna bukulyp, özbaşdak işler alyp barýarlar.

“Al-Kaýdanyň” gün-günden köpelýän şahamçalary Sirýa, Yrak, Liwiýa, Mali we başga-da birnäçe ýurtlarda içerki syýasy oňşuksyzlyklardan peýdalanyp, agzalýan döwletleriň çäklerinde içerki arz-şikaýatlary öjükdirýärler.

“Al-Kaýdanyň” täzeden arşa galmagy onuň Pakistandaky kiçi göwrümli merkezi geňeşiniň görkezmeleri bilen örňäp başlady. Şeýle häsiýetdäki ýykgynçy toparyň global jyhady ýöretmek üçin ýerli konfliktleri giňden ulanyp, has hem giňemeginden alada bildirilýär.

Terrorizmiň ýaýramagynyň öňüni almak we söwda ugurlary boýunça daşary işler palatasynyň düzümindäki komitetiň agzasy, meşhur demokrat, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň kongressmeni Bred Şerman 18-nji iýulda geçirilen diňlenişikde örňeýän “Al-Kaýdanyň” howp bolup galýandygyny aýdyp, çykyş etdi.

“2011-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-dan bäri “Al-Kaýda” Birleşen Ştatlarda ýykgynçylyly hüjümleri amala aşyryp bilmedi. Ýöne “Al-Kaýda” Birleşen Ştatlar üçin uly howp bolup durýar. “Al-Kaýda” struktura taýdan merkeze bagly bolman, erkin hereket edýän, şol bir wagtyň özünde bütewilikden üzňe we öz aralarynda eldegrilmesizlige ýakyn topara öwrüldi. Ýykgynçy toparyň terror hereketleri häzirki wagtda ýerli we regional şahamçalary tarapyndan ýerine ýetirilýär.”

Siriýa

Şu hepde Yragyň esasy “Al-Kaýda” şahasynyň türmelere geçiren harby häsiýetli we koordinirlenen hüjümlerinden soň ýüzlerçe gozgalaňçy ýene-de köçä çykdy. Türmelerden köpçülikleýin gaçanlara “Al-Kaýdanyň” Siriýada alyp barýan söweşine potensial goşant hökmünde garalýar.

“Al-Kaýdanyň” kämilleşmegi Siriýada has aýdyň göze ilýär. Siriýa häzirki wagtda ekstremist toparlar üçin söweş meýdanyna öwrüldi. Bu ýerdäki ýerli “Al-Kaýda” topary sünni gozgalaňçylar bilen bileleşip, prezident Başar Al-Assadyň režimine garşy söweş alyp barýar. Assad şaýy meshebiniň agzasy bolup, bu sekta sünni ekstremistler tarapyndan dogry dini ýörelge hasaplanmaýar.

Waşingtondaky” Täze Amerika” bileleşiginiň ýokary wezipeli işgäri Şamila Çaudari bibaşdaklyk zerarly Siriýada “Al-Kaýdanyň” mesgen tutandygyny we şol ýerden öz matlaplaryny amala aşyrýandygyny aýtdy. Ol Siriýadaky çaknyşyklara “Al-Kaýdanyň” gatnaşmagy Günbatar üçin we region üçin potensial howp bolup durýar diýdi.

Çaudari: “Häzirki wagtda köp sanly döwletler üçin hakyky howp ýer ýüzünde “Al-Kaýda” we onuň şahamçalaryna hyzmat edip biljek başga-da göwşüllän ýerleriň barlygydyr. Bu ýagdaý kynçylyklary döredýär. Owganystan we Pakistan künjekleri, “Al-Kaýda” şol ýerde mesgen tutany üçin, gaty çylşyrymly ýerlerdir. “Al-Kaýdanyň” şol ýerlerde bolmagy regional we içerki çaknyşyklara sebäp bolýardy. Şonuň üçinem bu ýykgynçylar başga bir ýere gitmeli bolupdy. Bu ýagdaý hem konfliktleriň göwrümini giňeldýär. Sebäbi “Al-Kaýda” Birleşen Ştatlara, Britaniýa we beýleki döwletlere howp bolup abanýar” diýdi.

Pakistan

Pakistanda “Al-Kaýda” Tehrike Taliban Pakistan (TTP), başgaça aýdanymyzda “Pakistan talybanlary” ýaly ekstremist toparlar bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Pakistan “Talybanlary” ýurtda hökümeti agdaryp, şerigatyň kanunlaryny getirmek üçin göreşýärler. Olar anti-şaýy wahhabyçylygyna eýerýärler. “Al-Kaýda” hem bu topary goldaýar.

“Pakistan Talybanlary” ýaly toparlar “Al-Kaýdanyň” Pakistanda diňe bir ýaýramagyna kömek etmän, eýsem olar “Al-Kaýdanyň” şahamçalarynyň gatnaşýan söweş meýdanlaryny söweşijiler bilen hem üpjün etmäge ýakyndan ýardam berýärler.

Ýakynda “Pakistan Talybanlarynyň” Siriýada Assadyň güýçlerine garşy göreşmek üçin tälim alan 100 adamdan ybarat pyýada goşun iberendigi aýdyldy. Hatda käbir “Talyban” komandirleriniň ol ýere baryp, öz lagerlerini gurandygy hem aýdylýar. Pakistan hökümeti we beýleki TTP serkerdeleri aýdylýan zatlary inkär etdiler.

Çaudari topar barada aýdylýan zatlara şübhe bildirip, bu zatlaryň “Pakistan Talybanlaryny” global derejede iş alyp barýan gurama ýaly edip görkezmek üçin ýöredilýän kampaniýa bolmagy ahmal diýdi. Ýöne, eger-de aýdylýan gürrüňler çyn bolup çyksa, onda Pakistan söweşijileriniň çaknyşyklara gatnaşmagy, “Al-Kaýdanyň” regiondaky durnuksyz hem gowşak dolandyrylýan döwletlere ornaşyp başlandygyny görkezýär diýip, ol aýtdy.

40 ýurtdan gelen söweşijiler

Damaskdaky strategik barlag merkeziniň başlygynyň orunbasary we esasy barlagçysy Ybraýym Talyp Siriýada 130 müň sany daşary ýurtly müjahediniň (jyhadçylaryň) söweşýändigini aýtdy. Olaryň köpüsiniň “Al-Kaýda” wepaly bolmaga ant içendiklerini hem ol sözlerine goşdy.

“Men Siriýada 130 müň daşary ýurtly we arap terroristleriniň söweşe gatnaşýandygyny arkaýyn aýdyp bilerin. Men bu howply statistikanyň şeýledigine doly güwä geçip bilerin. 15 müň esgeri bilen tunisliler birinji bolup geldi, ondan soň liwiýalylar, saudllyar, müsürliler, palestinalylar we liwanlylar geldi. Bulardan soň regionyň daşyndan söweşijiler gelip başlady. 40-dan gowrak ýurduň raýatlary häzir Siriýada urşa gatnaşýar.”

Siriýada söweş alyp barýan oppozisiýanyň düzüminde sünni ekstremistleriň sanynyň köpelmegi respublikan gozgalaňçylary alada goýýar. Respublikan gozgalaňçylar “Al-Kaýda” bilen baglanyşykly söweşijileriň ýurda gelip, respublikançylaryň hökümete garşy alyp barýan göreşlerini öz bähbitlerine ulanyp, ýurdy halkara terrorizminiň merkezine öwürmeklerinden gorkýarlar.

Bu ýagdaý hem gozgalaňçylaryň öz aralarynda düşünişmezliklere getirdi. Kürtleriň “Birlik partiýasy” (PYD) we Siriýadan goldaw alýan “Kürdüstan Işçiler Partiýasy”, ýagny PKK, soňabaka demirgazyk Siriýada “Al-Kaýda” degişli söweşijiler bilen gandöküşikli göreşýär.

Salih Muslim Kürtleriň "Birlik partiýasynyň" baştutanydyr. Onuň aýtmagyna görä "Birlik partiýasynyň" söweşijileri ekstremist sünni toparlar bilen göreşende, sünnileriň hatarynda "Talyban" hereketiniň söweşijileri hem söweşipdir.

Ol: “Al-Kaýda”, “Al-Nusra”, “Ahrar Al-Şam” ýaly ektremist yslamçy güýçler we şulara meňzeş beýleki toparlar nirä isleseler gidip bilýärler, olar islän ýurdundan islän ýerlerine girip bilýärler. Olar Türkiýe, Yrak ýaly döwletlerden geldiler. Olar uzak wagtdan bäri şol ýerdediler we olar Siriýany azat ediş goşunlarynyň esasy bölegini düzýärler. Siriýany azat ediş goşunlary olary kabul etmeýärler ýöne ekstremist toparlar “Siriýany azat ediş” goşunlarynyň adyndan söweşýärler. Bular ýaly toparlar hemme ýerde bar.”

XS
SM
MD
LG