Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Oppozisiýa lideri Bakuwa dolanýar


Rustam Ibragimbekow
Rustam Ibragimbekow
Azerbaýjan oppozisiýasynyň prezidentlik üçin seçen kandidaty Rustam Ibrgimbekow, tussag edilmek ähtimallygyna garamazdan, indiki hepde Bakuwa dolanyp geljegini aýtdy.

Kinossenariçilikden syýasatça öwrülen Ibragimbekow Brýusselde Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna beren gürrüňinde özüniň 31-nji iýulda Azerbaýjana uçup baryp, öz saýlaw kampaniýasyny geçirmäge taýýarlanyp başlajagyny aýtdy.

"Men ol ýere gonan badyma ýa-da iki, üç gün içinde tussag edilmegimiň ähtimaldygyny aradan aýyrmaýaryn. Emma men esasy maksadyň meni saýlawa gatnaşdyrmazlykdygyna, [kandidat hökmünde] hasaba alynmak mümkinçiliginden kesmekdigine düşünýärin."

74 ýaşyndaky Ibragimbekow “Sähranyň ak güneşi" we Çeperçilik Akademiýasynyň sylagyna mynasyp bolan “Günden surnuganlar” ýaly klassyky eserleri bilen ozalky sowet giňişliginde we onuň daşynda kinossenariçi hökmünde tanalýan adam.

Oppozisiýanyň prezidentlige kandidaty

Azerbaýjanyň demokratiki güýçleriniň milli geňeşi, ýurduň esasy oppozision partiýalaryny birleşdirýän topar şu aý oktýabrda geçjek saýlawlarda awtoritar prezident Ylham Alyýew bilen bäsleşmek üçin Ibragimbekowy öňe sürdi.

Alyýewler maşgalasy Azerbaýjana iki onýyllykdan hem köp wagt bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. 2009-njy ýylda konstitusiýadaky möhlet çäklendirmesine girizilen düzediş prezident Alyýewe iş başynda soňsuz galmaga ygtyýar berýär.

Şu hepde Azerbaýjanyň metbugatynda Ibragimbekowyň gelen badyna tussag edilmeginiň ähtimaldygy barada tassyklanmadyk maglumatlar peýda boldy.

Oppozisiýanyň ýygnanyşygy, 28-nji maý, 2013 ý.
Oppozisiýanyň ýygnanyşygy, 28-nji maý, 2013 ý.
"Olaylar" habar gullugy, ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, häkimiýetleriň oppozisiýa liderini salgytdan gaçmak aýyplamalary esasynda tussag etmäge taýýarlanýandyklaryny habar berdi.

Şu ýanwarda prokurorlar Azerbaýjanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň salgyt tölemekde bidüzgünçiliklere ýol berendigini aýdyp, derňew işine başladylar. Bu Birleşige Ibragimbekow ýolbaşçylyk edýär. Ýerli metbugat habarlaryna görä, Salgyt ministrligi penşenbe güni bu Birleşigiň işgärleriniň birinden sorag etdi.

Oppozisiýadaky "Yenu Musavat" gazeti çarşenbe güni ýurduň baş prokuraturasyna telefon edip, olaryň Ibragimbekowa garşy jenaýat işini açyp-açmandyklaryny sorady. Baş prokuraturanyň sözçüsiniň bu soraga "Biz bu barada derňew syrlary zerarly hiç bir maglumat berip bilmeýäris" diýip jogap berendigi aýdyldy.

"Garalap, biabraý edip bilerler"

Ibragimbekow bu mesele barada Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna şeýle diýdi:

"Men düýn Azerbaýjandan maglumat aldym, baş prokuraturanyň wekili meniň garşyma jenaýat işiniň açylýandygy barada beýanat edipdir. Bu meniň prezident saýlawlaryna gatnaşmagymdan gorkup, Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň meni saýlawa gatnaşdyrmazlyk üçin ähli zady etmäge taýýardyklaryny aňladýar. Olar maňa garşy boýdan-başa toslanyp, gyssagara taýýarlanan aýyplamalar bolar we bularyň ählisi meniň Azerbaýjana dolanmagym bilen bagly."

Ol ýene şeýle diýdi:

"[Hökümet] [adamlary] öldürip biler, olar [adamlary] tussag edip biler, olar [adamlary] her usullar arkaly garalap, biabraý edip bilerler."

Goşa raýatlyk kynçylygy

Ibragimbekowyň eýýämden ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň biri onuň raýatlygyna degişli. Ol hem Azerbaýjanyň, hem Orsýetiň raýaty. Azerbaýjanyň konstitutsiýasy bolsa, goşa raýatlygy bolan adamlaryň prezidentlik ugrundaky bäsleşige gatnaşmagyny gadagan edýär.

Ibragimbekow öz ors pasportynyň ýatyrylmagyny haýyş edip arza ýazdy, emma bu barada karar çykarylmagynyň aýlap wagt almagy mümkin. Bu fakt käbir synçylaryň bu ýerde Moskwanyň gyzyklanmalarynyň möhüm boljagy baradaky meselä ünsüni çekdi.

Ibragimbekow Brýussele ÝB-niň diplomatlary bilen duşuşyp, Azerbaýjanyň demokratiýa tarapdar oppozisiýasyna Günbatar goldawyny almak we öňdäki saýlawlaryň töweregindäki ýagdaýlara ünsi çekmek tagallalarynyň çäginde bardy. Bu tagallalar ony iýun aýynda Waşingtona hem alyp barypdy.
XS
SM
MD
LG