Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Al-Jarba BMG-de çykyş eder


Siriýanyň oppozisiýasynyň ýolbaşçysy anna güni Nýu Ýorkda BMG-niň howpsuzlyk geňeşinde çykyş eder.

Bu maslahatdan bir gün ozal Siriýanyň Milli koalisiýasynyň prezidenti Ahmed al-Jarba ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerrä ýurtdaky ýagdaýyň “çykgynsyzdygyny” aýtdy. Ol ABŞ-ny siriýaly gozgalaňçylary ýarag bilen gyssagly üpjün etmäge we Siriýada syýasy durnuklylygy ýola goýmak ugrundaky basyşlary güýçlendirmäge çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon Siriýada iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän graždan uruşy zerarly 100 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýtdy.

Prezident Barak Obama ABŞ-nyň Siriýadaky konflikte goşulmagyna islegsizlik bildirýär.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň weto-gadagançylygy girizmäge ygtyýarly agzalary Orsýet we Hytaý Assadyň režimine garşy halkara hereketlere garşy çykyş edýärler.
XS
SM
MD
LG