Sepleriň elýeterliligi

Tunisde dartgynlylyk güýçlenýär


Tunisde oppozision syýasatçynyň öldürilmeginiň yzýany yslamçylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy başlanan köpçülikleýin çykyşlar barha güýçlenýär. Tunisiň iň uly profsoýuzy Tunisde Muhammad Brahminiň atylyp öldürilmegine garşy protest hökmünde anna güni umumymilli iş taşlaýyşy geçirmäge çagyrdy.

Muhammet Brahminiň janyna kast edilmegi penşenbe güni agşam Tunisde Içeri işler ministrligiň öňünde we Brahmini doglan şäheri bolan Sidi Bouzidde müňlerçe adamyň proteste jemlenmegine sebäp boldy.

Protestçiler häkimiýet başyndaky “Ennahda” partiýasynyň edara jaýyny oda berdiler. Polisiýa demonstrasiýany dargatmak üçin gözi ýaşardýan gazy ulandy. Brahmi yslamçylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň açyk tankytçysydy.

ABŞ we BMG-niň adam hukuklary boýunça ýolbaşçysy Nawi Pillaý Brahminiň janyna kast edilmegini ýazgardy we jikme-jik derňew geçirilmegine çagyryş etdi.

Brahminiň öldürilmegi ýurtda şu ýylyň başyndan bäri oppozisiýa wekiline garşy edilen ikinjini kast edişlik boldy.
XS
SM
MD
LG