Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ibragimbekow Bakuwa barmakçy


Azerbaýjanyň oppozisiýasy tarapyndan goldanýan Rustam Ibragimbekow tussaglyk howpuna garamazdan Bakuwa dolanyp barmagy wada berýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen Brusselde söhbetdeş bolan senarist Ibragimbekow 31-nji iýulda Azerbaýjana baryp prezidentlik kampaniýasyna taýýarlyk görüp başlamak planlaryny mälim etdi. “Men ýurda baryp gonan badyma tussag edilmegimiň mümkindigini aradan aýyrmaýaryn”, diýip Imragimbekow belledi. Ol häkimiýetleriň “esasy maksady onuň saýlawlara gatnaşmagynyň we dalaşgär hökmünde hasaba durmagynyň öňüni almakdan ybarat”, diýip pikir edýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Demoktratik güýçleriniň milli geňeşi şu aýyň başynda Ibragimbekowy oktýabrda boljak prezidentlik saýlawlarynda prezident Ilham Aliýewe bäsdeş bolmak üçin dalaşgär hökmünde öňe sürdi.

Azerbaýjanyň metbugatynda şu hepdede peýda bolan tassyklanmadyk maglumatda hökümetiň oppozision lider babatynda derňew geçirýändigi we ony tussag etmäge taýýarlanýandygy barada habar berilipdi.
XS
SM
MD
LG