Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gazagystany tankyt etdi


ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň başlygy Gazagystanyň indi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda din azatlygy boýunça lider däldigini aýtdy.

Robert Georgyň sözlerine görä, iki sany aktiwistiň öz dini ynançlary bilen bagly hereketleri üçin suda çekilýändigi, şeýle-de ýurtda soňky iki ýylyň dowamynda çäklendiriji kanunlaryň kabul edilmegi Gazagystanyň halkara derejesini peseltdi we köp gazagystanlylaryň din azatlygyny depeledi.

Robert Georgyň agzan wakalary 63 ýaşly ateist bloger Aleksandr Harlamowyň we Astanadaky Sahawatlylyk kilisesiniň ýolbaşçysy Bahytžan Kaşkumbaewyň tussag edilmegi bilen bagly.
XS
SM
MD
LG