Sepleriň elýeterliligi

Tolokonnikowa boşadylmagyny soraýar


Orsýetiň Mordowiýa respublikasynyň Baş sudy “Pussy Raýot” pank toparynyň agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň ýüzlenmesine garaýar. Onuň möhletden ir boşadylmagyny sorap eden ozalky ýüzlenmesi ret edilipdi. Mordowiýanyň Zubowo-Polýansk sudunyň Tolokonnikowanyň bu arzasy boýunça 26-njy aprelde çykaran kararyna şu hepdäni anna güni gaýtadan garaldy.

Suduň geçýän ýeri bolan Saransk şäherineTolokonnikowanyň maşgala agzalary we dostlary ýygnandylar.

Hepdäniň çarşenbe güni Perm şäheriniň sudy “Pussy Raýot” toparynyň ýene bir agzasy Mariýa Alýohinanyň möhletden ir boşadylmagyny sorap eden ýüzlenmesini ret etdi.

Tolokonnikowa we Alýohina huligançylykda we dini ýigrençleri tutaşdyrmakda aýyplanyp 2012-nji ýylyň awgust aýynda tussag edilipdi we iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Olar Moskwanyň baş kilisesinde prezident Wladimir Putine garşy aýdym aýtmakdan soň tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG