Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Morsi tussag edildi


Müsüriň harby ýolbaşçysy general Abdel Fattah al-Sisi ýurtda ýörişleri geçirmäge çagyrýar. 24-nji iýul, 2013 ý.
Müsüriň harby ýolbaşçysy general Abdel Fattah al-Sisi ýurtda ýörişleri geçirmäge çagyrýar. 24-nji iýul, 2013 ý.
Müsüriň sudy häkimiýetden çetleşdirilen prezident Mohammad Morsini tussag etmek barada höküm çykardy. Bu karara Morsiniň, palestinaly HAMAS topary bilen dil birikdirip, adam öldürmelere baş goşandygy baradaky we şoňa meňzeş aýyplamalaryň esasynda gelnendigi äşgär edildi.

Anna güni Müsüriň habar gulluklary, Morsa bildirilýän aýyplamalary prokuratura derňeýänçä, onuň 15 gün tussaglyga höküm edilendigi barada maglumat ýaýratdylar. Morsiniň tussaglyk möhleti derňew işleriniň gidişine görä, uzaldylyp hem bilner.

Müsüriň MENA habar agentliginiň maglumatlaryndan çen tutulsa, onda Morsi harbylaryň saklanylýan ýerinde hem sorag edilipdir. Ol 3-nji iýulda häkimiýetden çetleşdirileli bäri, Morsiniň saklanylýan ýeri aýan edilmän gelinýär.

Bu aýyplamalar öz gözbaşyny, 2011-nji ýylda ozalky prezident Hosni Mubarek häkimiýetden agdarylanda, Morsiniň we “Musulman doganlary” hereketiniň beýleki agzalarynyň türmeden köpçülikleýin ýagdaýda gaçan döwründen alyp gaýdýar.

MENA gullugynyň maglumatyna görä, derňewçiler Morsiniň garşysyna bildirilýän: HAMAS topary bilen birlikde “hökümete garşy çäreleri geçirmek; polisiýa we harby nokatlara hüjüm etmek; türmelere çozuşlary gurnamak; bir türmäni otlap, ondaky tussaglary gaçyrmak” ýaly aýyplamalara garaýarlar.

Iki ýyl öň

2011-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, Müsürde köpçülikleýin protestler möwç urýan mahaly, Morsi, şeýle-de “Musulman doganlary” hereketiniň beýleki 24 agzasy tussag edilip, Wadi el-Natroun türmesine salnypdylar. Şondan iki gün soňra tussaglar türmeden köpçülikleýin gaçdylar. Morsi şol wagt ähli sakçylaryň we resmileriň türmeden gidendigini, netijede özleriniň arkaýyn çykyp gaýdandyklaryny aýtdy. “Musulman doganlary” hereketiniň resmileri özlerini ýerli ýaşaýjylaryň azat edendiklerini aýtdylar.

“Musulman doganlary” hereketi Morsa bildirilýän aýyplamalary “masgaraçylykly” diýip atlandyryp, ýurtda Mubarek döwründäki režimiň ýaňadandan “doly güýje girendigini” nygtaýar.

Gaza zolagynda Morsiniň tussag edilmegi ýazgarylyp, bu “howply bir özgeriş” hökmünde häsiýetlendirildi.

HAMAS toparynyň metbugat wekili Sami Abu Zuhri: “Biz Müsüriň häzirki ýolbaşçylarynyň öňe sürýän zatlaryna garşy çykýarys. Goý, olar HAMAS-yň Müsüriň içki işlerine goşulandygy barada ýekeje-de bolsa, bir delil görkezsinler” diýip, çykyş etdi.

Morsiniň tussag edilmeginden bir gün öň, Müsüriň goranmak ministri ilata ýüzlenip, harbylary goldap, anna güni köpçülikleýin ýöriş geçirmäge çagyrdy.

Anna güni irden adamlar eýýäm Kairiň köçelerine çykdylar. Olar: “Millet, harbylar we polisiýa birleşsin! Millet, harbylar we polisiýa birleşsin!” diýip, gygyrýarlar.

“Musulman doganlary” hereketi Morsiniň kanuny taýdan saýlanan prezidentigini öňe sürýär. Topar Morsiniň azat edilip, ygtyýarlyklary dikeldilýänçä, protest geçirjekdigini söz berdi.
XS
SM
MD
LG