Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durmuş we aýrylyşma


Aýrylyşma karikaturasy
Aýrylyşma karikaturasy
Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetip-ýetmän durmuş gurup, soňundan hem tiz wagtdan aýrylyşýandygy hakynda maglumat gelip gowuşýar.

Şonuň bilen birlikde, bu ýagdaýyň sebäpleri barada resmi türkmen metbugatynda açyk gürrüň edilmeýär. Eýsem, türkmen ýaşlarynyň arasynda aýrylyşýanlaryň beýle köpelýändiginiň sebäbi näme?

Bu ýerde ýurtdaky ykdysady meseleler nähili rol oýnaýar? Ýa-da bolmasa, ýaşlaryň belli bir hünär alman, durmuşda orunlaryny tapman, haýdan-haý durmuş gurmaga howlukmaklaryna näme sebäp bolýar?

Gyssanmaç durmuş gurup, tiz wagtdan aýrylyşan ýaşlaryň bir tarapdan öz durmuşlaryny “döwmegi”, ikinji tarapdan bolsa, hem ataly hem eneli ýetim çagalaryň köpelmegi gelejekde hem bir topar sosial meseleleriň döremegine getirmezmi?

Umuman, durmuş gurmak we aýrylyşmak meselelerine juda çynlakaý garalýan jemgyýetde beýle ýagdaýlaryň döremeginiň sebäpleri näme? Şeýle çatak hala düşýan ýaşlaryň azalmagy üçin ýaşlaryň özleri näme etmeli? Name edilende munuň öňüni alyp bolar?

Öz pikirleriňizi aşakdaky teswir bölümimizde galdyryp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG