Sepleriň elýeterliligi

Şahyr Abdulkerim Bähmen aradan çykdy


Şahyr Abdulkerim Bähmen

Şahyr Abdulkerim Bähmen

Owgan türkmenleriniň görnükli şahyry we ýazyjysy Abdulkerim Bähmen 83 ýaşynda aradan çykdy.

Ol şu gün, 27-nji iýulda, Gurgan etrabynda, dogduk obasy Bag-bossanda topraga berilýär.

Abdulkerim Bähmen 1930-njy ýylda doglup, başlangyç bilimi Andhoýda alypdyr.

Ol, ýaşy bir çene baran hem bolsa, Owganystanyň Maragyf ministrliginiň Türkmen dili bölüminde türkmen dilinden okuw kitaplaryny taýýarlamak bilen meşgullanýan eken.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Abdulkerim Bähmeniň bütin ömrüni ylym-bilime bagyşlandygyny, öz ene diline hyzmat edendigini aýtdy.

Şahyrdan “Türkmen görnüşi taryhda”, “Bag-bossan”, “Şygyrlar toplumy”, “Akýol”, “Ýürek derdi”, “Ene mähri” ýaly 15-den gowrak kitap miras galdy.
XS
SM
MD
LG