Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tükiýe kürt liderine duýduryş berdi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Siriýanyň esasy kürt toparynyň liderine demirgazyk Siriýada awtonom kürt regionyny döretmäge synanmazlyk barada duýduryş berdi.

Türk resmileri anna güni Demokratiki birleşik partiýasynyň lideri Saleh Muslim bilen duşuşdylar.

Bu partiýa Türkide gadagan edilen Kürdüstan işçiler partiýasynyň Siriýadaky şahamçasy ýaly görülýär.

Erdogan bu duşuşyk baradaky habary tassyk etdi we Demokratiki birleşik partiýasynyň "howply oýnunyň" gün tertibinde bolandygyny aýtdy.

Siriýaly kürtler şu hepdäniň başynda demirgazyk Siriýada mazaly ýokary galdylar we kürtler bilen araplaryň arasyndaky ynamsyzlygyň ösmegi netijesinde jihadçylary kowup çykardylar.

Kürtler Siriýanyň ilatynyň jemi 10 prosentini düzýär. Olaryň köpüsi ýurduň demirgazygynda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG