Sepleriň elýeterliligi

Aklawçy Manniň dönük däl diýýär


Birleşen Ştatlaryň amerikan taryhynda iň köp gizlin maglumaty syzdyrmakda günälenýän esgeri Bradliý Manniňiň aklawçysy Manniň, ABŞ hökümetiniň aýdyşy ýaly dönük däl-de, "whistle-blower", ýagny habar beriji diýdi.

Aklawçy Deýwid Kumbs bu bellikleri Manniňe edilen harby suduň anna güni bolan ýapylyş argumentleri mahalynda aýtdy.

Ol Manniň Yrak we Owganystan uruşlary baradaky 700 müňden gowrak gizlin dokumenti "WikiLeakse" Birleşen Ştatlaryň harby we diplomatiýa syýasaty barada çekişme guralmagyny isländigi üçin berdi diýdi.

Ol Manniň bu işi amerikanlaryň aladasyny edýänligi üçin etdi diýdi. Manniň jenaýat kodeksiniň 21 maddasy boýunça aýyplanýar.

Olaryň iň erbedi duşmana kömek etmek bolup, ömürlik tussaglyk jezasyny bermäge esas bolýar.

Penşenbe güni prokurorlar Manniň boýunça ýapylyş delillerini öňe sürdiler, ýagny ony özüne ünsi çekmek isleýän dönük hökmünde häsiýetlendirdiler, habar beriji däl diýdiler.
XS
SM
MD
LG