Sepleriň elýeterliligi

Interpol Orsýetiň haýyşyny ret etdi


Interpol Orsýetiň Angliýada ýaşaýan iş adamy Willýam Browderi tussag etmek we özüne tabşyrmak barada eden ikinji talabyny hem ret etdi.

Browder ýogalan aklawçy Sergeý Magnitsikiniň işi bilen bagly ors resmilerine garşy sanksiýalaryň girizilmegi üçin köp tagalla edipdi.

Interpol bu talap boýunça çap eden beýanatynda Orsýetiň maksatlarynyň "syýasy äheňleriniň agdyklyk edýändigini" aýdýar.

Interpol ozal hem Orsýetiň Browder baradaky talabyny şu esasda ret edipdi.

Orsýet Browderi Gazpromuň millionlap aksiýasyny bikanun satyn almakda aýyplaýar.

Moskwa sudy ony 11-nji iýulda gaýybana sud edip, Magnitskä salgytdan gaçmakda kömekleşmekde günäli tapdy.
XS
SM
MD
LG