Sepleriň elýeterliligi

Nawalny hökümden şikaýat edýär


Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň kanun topary oňa garşy çykarylan türme hökümine garşy şikaýat arzasyny ýazdy.

Ol döwletiň agaç firmasynyň serişdelerini öz haýryna geçirmekde günäli tapylypdy.

Aklawçy Wadim Kobzew özüniň Kirow regional suduna "bikanun we esaslandyrylmadyk" 5 ýyl türme tussaglygyny, şeýle-de korrupsiýa garşy blogça salnan jerimäni ýatyrmak barada arza ýazandygyny aýtdy.

Nawalny bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilen gününiň ertesi, garaşylmadyk ýerden azatlyga goýberilipdi.

Bu şikaýat Nawalny bilen bile sud edilen we dört ýyl iş kesilen Petr Ofiserowa hem degişli. Olar 2009-njy ýylda "Kirowles" firmasyndan 500 müň dollarlyk serişde ogurlamakda aýyplandylar.

Nawalnynyň tarapdarlary bu jenaýat işiniň Kremliň tagallasy bilen, onuň Moskwanyň şäher häkimligine saýlanmagynyň öňüni almak we işjeňligini togtatmak üçin açylandygyny aýdýarlar.

Kirow sudy bu şikaýata 30 gün içinde jogap bermeli.
XS
SM
MD
LG