Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 53 adam öldürildi


Demiragzyk Pakistanyň resmileri goşa partlama netijesinde ölen adamlaryň sanynyň azyndan 53-e ýetendigini, ýaraly bolanlaryň 180-den gowrakdygyny aýtdylar.

Bu partlamalar Pakistan-Owganstan araçägindäki Kurram tire etrabynyň baş şäheri Paraçynarda, bazarda, köp adamly ýerde boldy.

Bombalaryň ikisi hem adamlar agşamlyk, uzak günlük agyz beklemeden soň, agyz açmak üçin azyk almaga gelenlerinde ýaryldy.

Kurramyň ýokary derejeli adminstratory bombalaryň motorly janyndan geçen bombaçylar tarapyndan partladylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG