Sepleriň elýeterliligi

Phenýan parad geçirýär


Şenbe güni Phenýanda Koreýa urşunyň soňlanmagynyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp, esgerleriň we harby tehnikanyň gatnaşdyrylmagynda dabaraly parad geçirildi.

Bu şowhun-dabara Demirgazyk Koreýanyň duşmanlaryny gorkuzmagy hem-de onuň halkyny ýaş lider Kim Joň Unuň arkasynda jebisleşdirmegi maksat edinýär.

Kim Joň Un ýokary partiýa ýolbaşçylarynyň we harby serkerdeleriň hatara düzülen tribunasyna çykanda, esgerler we tomaşaçylar bokurdaklaryna bat berip, "Kim Joň Uny janymyz bilen gorarys" diýip, biragyzdan gygyrdylar.

Demirgazyk Koreýa 27-nji iýuly "Ata watany azat etmegiň ýeňiş güni" diýip atlandyrýar.

Hakykatda bu 1950-nji ýyldan 1953-nji ýyla çenli dowam eden urşuň ýaraşyk netijesiinde soňlanan günüdir.

Tehniki taýdan alnanda, iki bölünen Koreýa ýarym adasy uruş ýagdaýynda galýar.
XS
SM
MD
LG