Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kiýew hristiançylygyň 1025 ýyllygyny belleýär


Orsýetiň patriarhy Kiril dini merasym mahalynda, Kiýew, 27-nji iýul, 2013.

Orsýetiň patriarhy Kiril dini merasym mahalynda, Kiýew, 27-nji iýul, 2013.

Ukrainada Kiýew Rusynyň, häzirki Orsýetiň, Belarusyň we Ukrainanyň prawoslaw esaslaryny goýan orta asyr slawýan döwletiniň hristiançylygy kabul etmeginiň 1025-nji ýyl dönümi bellenilýär.

Ýyl dönümi merhemetli Wladimir belentliginde, Kiýew Rusynyň 988-nji ýylda öz patyşalygyna çokunmagy buýran lideri Beýik Wladimiriň adyny göterýän depede guralan dini merasymdan başlandy.

Dini merasyma Orsýetiň partriarhy Kiril ýolbaşçylyk etdi we bu dabara gatnaşýan prezidentlere, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine, ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçe garap, prawoslaw bitewiliginiň ähmiýetini nygtady:

"Biz siziň bile duranyňyza şatlanýarys. Bu siziň gatnaşygyňyzy aňladýar, onsoň siz bilen bilelikde siziň halklaryňyzyň gatnaşygyny aňladýar. Biz diňe bu baýramçylygyň taryhy faktyny bellemeýäris, eýsem hristianlaşmagyň biziň topragymyza getiren ähli zatlaryny baýram edýäris."

Putiniň aladasy

Bu Putin üçin bütin günläp gaýtalamaly nesihatdy, sebäbi ol Kiýewiň Günbatar bilen ýakyn gatnaşyk agtarýan bir wagtynda Orsýetiň Ukraina bolan täsirini dikeltmegiň aladasyny edýärdi.

Kiýewiň taryhy Peçera monastyryna sapar edileninden soň, bu iki syýasatçy ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge gitdi. Bu gepleşiklerde Putiniň Ýanukowiçi noýabrda Wilnýusda geçiriljek sammitde Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşylmaly Assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmezlige yrjak bolmagyna garaşylýar.

Putin Ýanukowiçe ýüzlenip, ýurtlaryň "umumy köklerinden" söz açdy we «Biz öz ata-babalarymyzyň gazananlaryndan ugur alyp, öňe gitmäge taýýar» diýdi.

ÝB ylalaşygy meselesinden başga, Putin Ukrainany Ýewropa Bileleşiginiň azat söwda ylalaşyklaryndan el çekmäge we Gazagystan, Belarus we Orsýet tarapyndan döredilen Ýewraziýa Gümrük bileleşigine goşulmaga yrmagy umyt edýär.

Şeýle-de Putiniň Ýanukowiçi Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen has köp integrirlenmek planlaryndan el çekdirjek bolmagyna garaşylýar.

Din we syýasat

Ýanukowiç, öz gezeginde, iki goňşynyň arasyndaky "özara bähbitleri" tassyk etdi. Emma ol 26-njy iýulda, Putiniň gelmeziniň öň ýanynda eden çykşynda Mokwanyň dini baýramy öz syýasy maksatlaryna ýetmek üçin ulanjak bolýandygyna yşarat edipdi:

"Biz käbir syýasy güýçleriň ybadathanalary we dini guramalary öz dar bähbitleri üçin ulanmagyna ýol bermeris. Bu daşary ýurt toparlaryna hem degişli, olar käte dini guramalar arkaly Ukrainadaky syýasy ýagdaýa täsir ýetirjek bolýarlar."

Dünýäniň beýleki ýurtlaryndan hem ýokary derejeli prawoslaw ruhanylary Kiýewe geldi. Şeýle-de bu dabara Moldowanyň prezidenti Nikolaý Timofti, Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç gatnaşýar.

Milletçileriň protesti

Ukrainanyň aşa milletçi “Swoboda” partiýasynyň 100 çemesi agzasy, suduň protest geçirmek gadaganlygyny inkär edip, merhemetli Wladimir belentliginiň ýanynda, Orsýetiň gatyşmasyna öz nägileliklerini bildirip, protest geçirdi.
Protestçiler prezident W.Putiniň we patriarh Kiriliň Kiýewe saparyna garşylyk bildirilýärler.

Protestçiler prezident W.Putiniň we patriarh Kiriliň Kiýewe saparyna garşylyk bildirilýärler.


Olar şygarlara gygyrdylar, Kiriliň we Putiniň “Kiýew Rusunyň paýtagty gyrak-bujakdan gelen myhmanlaryna hoş geldiň diýýär” diýen ýazgyly suratlaryny galdyrdylar.

“Swobodanyň” agzasy Andriý Ilenko ses gataldyjy arkaly gürläp, howpsuzlygyň aşa berkidilmegini tankyt etdi we Orsýetiň patriarhyny gedemlikde aýyplady.

Emma Ukrainanyň feminist hereketi bolan “Femen” şenbe güni irden hüjüme sezwar boldy we bu topar ony "syýasy gorkuzma işi" diýip atlandyrdy.

Anna Hutsol irden itini gezdirip, kwartirasynyň girelegesinden girip gelýärkä, näbelli bir adam onuň ýüzüne urup, soňam it bilen gaçyp gitdi.

Üç gün ozal bu toparyň başga bir agzasy Wiktor Swýatskiý hem näbelli hüjümçi tarapyndan gazaply ýenjilipdi.

“Femen”, göwsi açyk protestçiler Putindir Kirile garşy protest geçirmekde eýýäm belli bir üstünlikleri gazanypdylar we olar bu hüjümleriň sapar mahalynda özlerini ýuwaşatmak üçin guralandygyny aýdýarlar.

Kiýew Rusynyň ýyl dönüminiň dabaralary ertir, Belarusa geçmezinden öň, Ukrainanyň port şäheri Sewastopolda dowam eder.
XS
SM
MD
LG