Sepleriň elýeterliligi

Kerri Müsür uçutdan yza dönmeli diýýär


Ölüleriň arasyndan öz garyndaşyny gözleýän adam, Kair, 27-nji iýul, 2013.

Ölüleriň arasyndan öz garyndaşyny gözleýän adam, Kair, 27-nji iýul, 2013.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Müsürde möwjeýän we adam heläkçiliklerine alyp gelýän syýasy zorluk ýurdy “yza dönüş pursatyna” getirdi diýdi.

Kerri Waşingtonda eden beýanatynda, howpsuzlyk güýçleriniň şenbe güni işden gyrakladylan yslamçy prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlarynyň onlarçasyny öldürendigi barada aýdylýanlardan soň, Müsüriň syýasy ýolbaşçylarynyň ählisini “gyssagly herekete geçmäge” hem-de ýurduň uçudyň erňeginden yza süýşmegine kömek etmäge çagyrdy.

Kerri Müsüriň “soňky hökümi barada entek karara gelnenok, ýöne häzirki bolýan zatlar oňa hemişe täsir ýetirer” diýdi.

Kerri bu beýanaty Morsiniň “Musulman doganlygynyň” müňlerçe goldawçysy Kair metjidiniň golaýynda, ol ýerde şenbe güni bolan adam heläkçiliklerinden soň, “ölýänçäler öz orunlarynda galjaklaryny” aýdanlaryndan soň etdi.
Goşun başlygy Abdel-Fattah El-Sisiniň maskasyny geýen protestçiler, Kair, 26-njy iýul, 2013.

Goşun başlygy Abdel-Fattah El-Sisiniň maskasyny geýen protestçiler, Kair, 26-njy iýul, 2013.


Müsüriň Saglygy saklaýyş ministrligi bu metjidiň ýanynda howpsuzlyk güýçleri bilen Morsiniň goldawçylary çaknyşanda ölenleriň sany 72-ä ýetdi diýýär.

“Musulman doganlygy” bolsa bu ýerde 100-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar we Müsüriň howpsuzlyk güýçlerini ýaragsyz adamlary atyp öldürmekde aýyplaýar.

Emma Müsüriň Içeri işler ministrligi polisiýanyň Kairde protestçilere garşy ok atandygyny ret etdi.

Çaknyşyga näme sebäp boldy?

VOA-nyň, Amerikanyň sesiniň Kair býurosynyň başlygy Elizabet Arrot Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna beren gürrüňinde ganly çaknyşyga nämäniň sebäp bolandygy anyk däl diýdi.

"[Anna] agşamy, bu mitingler başlanmazyndan öň dartgynlylyk gaty ýokary boldy, onsoň, elbetde, adamlaryň köpüsi daňdanlar nähilidir bir reýd geçirilmegi ahmal diýip pikir etdiler. Ilki goşunyň topulandygy ýa-da olaryň prowakasiýa gidendigi belli däl. Iki tarapam ilki beýleki tarapyň başlandygyny aýdýar."

Aleksandriýada hem, şenbe güni irden Morsiniň tarapdarlary bilen olara garşy durýanlaryň arasynda bolan çaknyşyk netijesinde, 9 adam öldürildi.

Morsi 3-nji iýulda, köpçülikleýin demonstrasiýa çykan adamlaryň talaplary sebäpli, Müsüriň goşuny tarapyndan işden çetleşdirildi.

Syýasy dialoga çagyryş

Kerri şenbe güni Waşinogtonyň Kairde we Aleksandriýada bolan gandöküşiklik barada çuň alada edýändigini aýtmak üçin Müsüriň geçiş wise-prezidenti Muhammed El-Baradeý, geçiş daşary işler ministri Nbil Fahmy we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen telefonda gepleşendigini aýdýar.

Ol adatdan daşary zorlukly şertlerde Müsüriň häkimiýetleri parahatçylykly ýygnanyşmak we söz azatlygy hukugyna hormat goýmaly, bu olaryň ahlak hem kanun taýdan borjy bolup durýar diýdi.

Kerri Waşingtonyň, manyly syýasy dialogyň ýola düşmegi üçin, syýasy tussag etmeleri bes etmek we syýasy liderleri tussagdan boşatmak baradaky çagyryşyny gaýtalady.

Şeýle-de ol şenbe güni bolan gandöküşiklik boýunça bitarap we garaşsyz derňew geçirilmegine çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG