Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa Owganystandan çykar


Awstraliýanyň premer-ministri Kewin Rud ýurduň Owganystanda bolýan esgerleriniň ýanyna garaşylmadyk sapara geldi.

Ol esgerlere «biziň sizi öe getirmeli wagtymyz ýetip gelýär» diýdi.

Dört hepde ozal, şu ýylyň saýlawlaryndan öň öz Zähmet partiýasy tarapyndan gaýtadan ýurt ýolbaşçylygyna dikeldilen Rud bu sapary şenbe güni, öz aýaly Tereza Reýn bilen etdi.

Olar Uruzgan welaýatynyň Tarin Kowt bazasynda bolýan awstraliýaly esgerleriň ýanynda dört sagat çemesi galdylar.

Reýn Awstraliýanyň premýer-ministriniň uruş zonasyna sapar eden ilkinji aýaly boldy.

Awstraliýa özüniň Owganystandaky söweş goşunlaryny şu ýylyň aýagyna çykarmaga taýýarlanýar.
XS
SM
MD
LG