Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Dabaralar dowam edýär


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sewastopol şäheriniň golaýyndaky ybadathananyň täze jaň dabarasyna gatnaşdylar.

Wladimir soboryndaky dabara Kiýew Rusynyň hristiançylygy kabul etmeginiň 1025-nji ýyl dönüminiň çäginde bellenýän baýramçylygyň bir bölegidir.

Wladimir sobory, rowaýata görä, şazada Wladimiriň 988-nji ýylda prawoslaw hristiançylygyna çokundyrylan ýerinde ýerleşýär.

Bu dabaradan soň iki prezident Harby-deňiz flotunyň esgerleriniň güni bilen bagly baýramçylyga gatnaşdy. Şenbe güni bu ýurtlaryň ikisinde hem deňizçi esgerleriň güni bellenilýär.

Ýanukowiç bu pursaty iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy taryplamak üçin ulandy:

"Biz özümiziň Orsýet bilen dostlugymyza uly gadyr goýýarys. Ukraina we Orsýet strategiki partnerdyr we şonlugyna hem galar. Bu esasanam şu ýerde, Sewastopolda gowy duýulýar..."

Orsýetiň Sewastopolda ýerleşýän Gara deňiz floty harby-deňiz güýçleriniň paradyny we beýleki demonstrasiýalary geçirýär.
XS
SM
MD
LG