Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýa: Sürüji sud ediler


Ispaniýada relsden çykyp, 78 adamyň ölümine sebäp bolan otlynyň sürüjisi ýekşenbe güni soraga jogap bermek üçin sudýanyň öňüne getirildi.

Sudýa 52 ýaşly süriji Fransisko Garzonyň 24-njy iýulda bolan otly heläkçiligi üçin resmi taýdan aýyplanyp-aýyplanmazlygy barada karara geler.

Içeri işler ministri Jorj Fernandez Daýaz Garzon geleňsizlik zerarly adam öldürmek aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz dur diýýär.

Polisiýa Garzonyň otlyny howply öwrümde ýokary tizlikde sürendigini aýdýar.

Garzon şenbe güni hassahanadan çykarylandan soň tussaghana getirildi.

Ol hassahana düşeginde ýatyrka polisiýanyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwrüpdi.

Bu Ispaniýada 70 ýyl çemesi wagt içinde bolan iň elhenç otly hadysasydyr.
XS
SM
MD
LG