Sepleriň elýeterliligi

Kuweýt: Saýlaw netijesi aýdyldy


Aýlak ýurdunyň sekiz aýda ikinji gezek geçirýän saýlawlarynda Kuweýtiň şaýy azlyklary özleriniň parlamentdäki orunlarynyň ýarysyndan hem köpüsini ýitirdiler, liberallar bolsa biraz orun gazandylar.

Saýlawyň şenbe güni yglan edilen resmi netijeleri şaýy kanditdatlaryň 50 agzaly parlamentde diňe 8 orun utandygyny görkezdi.

Şaýy kandidatlary dekabrda geçen saýlawlarda 17 orun utup, rekord dereje gazanypdylar.

Emma ol netijeler geçen aý suduň karary bilen hasaba alynmasyz edildi.

Kuweýtiň Maglumat ministrligi şenbe güni geçirilen saýlawlara gatnaşygyň 52.5 prosent bolandygyny, ýagny rekord derejäni görkezendigini aýdýar.

Dekabrda geçen saýlawlara saýlawçylaryň diňe 40 prosenti gatnaşypdy.

Şaýylar Kuweýtiň ýerli ilatynyň 30 prosent çemesini düzýär.
XS
SM
MD
LG