Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosmos: Ýük menziline gowuşdy


Orsýetiň Kosmos gullugynyň resmileri “Progres” üpjünçilik hemrasy Halkara kosmos stansiýasyna birkemsiz baryp gondy diýýärler.

Üsti adamsyz hemra ýekşenbe güni Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan asmana göterilip, alty sagat çemesi soň menziline gowuşdy.

Halkara Kosmos stansiýasynyň agzalary onuň azyk, ýangyç, kislorod ýaly zatlardan ybarat bolan we ol ýerdäki alty adama niýetlenen ýüküni düşürmäge girişdiler.

Halkara Kosmos stansiýasynyň ekipaž agzalaryny orsýetli Pawel Winogradow, Fedor Ýurçihin, Ýewropa Kosmos gullugyndan Luka Parmitano, amerikanlar Kris Kassidi we Karen Niberg dagy düzýär.
XS
SM
MD
LG