Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yandex: Segalowiç aradan çykdy


Orsýetiň "Yandex" gözleg sistemasyny esaslandyryjylaryň biri Ilýa Segalowiç 48 ýaşynda London hassahanasynda aradan çykdy.

"Yandexiň" metbugat gullugy bu habary ýekşenbe güni ýaýratdy we onuň 1-nji awgustda jaýlanjagyny habar berdi.

Beýanatda Segalowiçiň şenbe güni emeli goldawdan aýrylandygy aýdylýar.

Segalowiçiň 25-nji iýulda, rakdan bejergi alýan wagty koma ýagdaýyna düşendigi yglan edilipdi.

Onuň yrak bilen keselläni 2012-nji ýylyň sentýabrynda belli bolupdy.

Segalowiç ýogalmazyndan öň "Yandexiň" baş tehniki ofiseridi.

Beýanatda Segalowiçiň jesediniň Orsýete 31-nji iýulda eltiljegi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG