Sepleriň elýeterliligi

Zäherli arak 18 adamy öldürdi


Pakistanda iki sany aýry-aýry myhmançylykda zäherli arak içen adamlaryň 18-si ölüp, onlarçasy hassahana ýerleşdirildi.

Faýsalabat şäheriniň resmileri ýekşenbe güni pidalaryň şu hepdäniň başynda bir doglan gün oturyşygynda we hususy jaýda guralan dabarada alkogolly içgileri içip, huşdan gidip ýykylandyklaryny aýtdylar.

Şäheriň uly derejeli polisiýa resmisi Jawed Ahmad Han AFP habar gullugyna 20-den gowrak adamyň ýerli hassahanalarda huşsuz ýatandygyny aýtdy.

Polisiýa pidalaryň köpüsiniň öýlerine dolanyp gelenlerinden soň ýogalandygyny aýtdy.

Pakistanda spirtli içgileri içmek we satmak gadagan, sebäbi olar yslama laýyk görülmeýär.

Şu sebäpden garyp adamlaryň köpüsi öýlerinde arzan arak ýasanýar.
XS
SM
MD
LG