Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Metrolarda ýörite enjamlar ýerleşdiriler


Moskwanyň metro polisiýasynyň başlygy ýakynda şäheriň metro stansiýalarynda ýolagçylaryň mobil telefonlarynyň maglumatlaryny okap bilýän enjamlaryň ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

Duşenbe güni “Izwestiýa” gazetiniň çap eden maglumatynda, Moskwanyň metro polisiýasynyň başlygy Andreý Mohow stansiýada ýerleşdiriljek bu enjamlaryň ogurlanan mobil telefonlary tapmaga kömek etjekdigini belledi.

Mohowyň aýtmagyna görä, agzalýan bu enjam bäş metre çenli öz güýjüni saklap, mobil sim kartalaryny okap bilýär. Eger-de sim karta ogurlanan telefonlaryň sanawynda bolsa, onda enjam awtomatik görnüşde polisiýa maglumat ugradýar.

Bu ugradylan maglumatyň wagtynyň we ýeriniň metro stansiýadaky wideo ýazgylar bilen deňeşdirilmegi arkaly sim kartanyň eýesine ýetip bolar.

“Izwestiýa” gazetiniň berýän maglumatynda, “ekspertlere görä, bu enjam ýolagçylaryň aratapawudyna garamazdan, has giňişleýin ähli ýolagçylarda ulanylyp biliner” diýilip nygtalýar.

Mohow bolsa, kanun esasda resmileriň rugsady bolmasa bir adamy yzarlamagyň gadagandygyny, emma sim karta ýaly kompaniýanyň eýeçiligine degişli gurallary yzarlamagy gadagan edýän kanunyň ýokdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG