Sepleriň elýeterliligi

Pakistan hüjümleri ýazgarýar


Pakistanyň hökümeti Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy diýip güman edilýän hüjümi ýazgardy. Ýekşenbe güni Pakistanyň durnuksyz territoriýasyna amala aşyrylan bu howa hüjüminde alty adam öldi.

Pakistanyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, ýurduň Şawal territoriýasyndan goňşy Owganystana geçip barýan adamlara howadan raketa hüjümleri amala aşyrylypdyr. Maglumata görä, şol adamlaryň söweşijidiginden gümän edilýär.

Duşenbe güni Pakistanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň ýaýradan maglumatynda, “bir taraplaýyn amala aşyrylýan hüjümler Pakistanyň özbaşdaklygynyň we territorial bütewiliginiň bozulmasy” diýip bellenýär.

Pakistanyň demirgazygyndaky Weziristan territoriýasy pakistanly, owganystanly we "Al-Kaýda" bilen ilteşikli söweşijileriň buky ýeri hasaplanýar.

Iýun aýynda Nawaz Şarif premýer-ministr wezipesine girişeli bäri, bu Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy diýip güman edilýän dördünji hüjümdir.

Nawaz Şarif hüjümleriň derhal bes edilmegine çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG