Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gepleşikler Waşingtonda dowam eder


ABŞ-nyň Döwlet departamenti palestinalylar bilen ysraýyllylaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň duşenbe güni giçlik Waşingtonda dowam etjekdigini aýtdy. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamenti ýekşenbe güni mälim etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psakiniň ýaýradan maglumatynda, Jon Kerriniň “gepleşikleriň soňky tapgyryna ýetmek üçin gepleşikleri geçirýän toparyň ýolbaşçylarynyň ugradylmagy üçin çakylyk iberendigi” bellenýär.

Psaki gepleşikleri geçirmek üçin Ysraýylyň adalat ministri Tzipi Liwnini we Ýitzhak Molhony, Palestinanyň bolsa ýokary derejeli araçy Saeb Erekaty we Muhammad Ştaýýehi ugratjakdygyny aýtdy.

Gepleşikleri geçirmek baradaky bildiriş, ýekşenbe güni Ysraýyl palestinaly 104 tussagy azatlyga goýbermegi kabul edenden soň yglan edildi.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky gepleşikler 2010-njy ýyldan soň has hem ýitileşipdi.
XS
SM
MD
LG