Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Eşton Kaire sapar edýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Eşton, Müsürdäki artan durnuksyzlyk barada gepleşikleri geçirmek üçin Müsüriň harbylary we beýleki resmileri bilen duşuşar.

Duşenbe güni Eştonyň general Abdel Fatah al-Sisi we Müsüriň wagtlaýyn prezidenti Adli Mansour bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de, Eşton Morsiniň “Musulman doganlary” hereketiniň wekilleri bilen hem duşuşmagy planlaşdyrýar.

Eştonyň Müsüre edýän bu sapary, ýurtda 70-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan dartgynly hepdäniň yz ýanyna gabat geldi.

Şu aýyň başynda harbylar Morsini zorluk bilen häkimiýetden çetleşdireli bäri, Müsürde dartgynlyk has hem möwjeýär.

Morsiniň tarapdarlary bolsa, onuň tussaglykdan goýberilmegine we prezidentlik wezipesiniň gaýtadan dikeldilmegine çagyryş edip, demonstrasiýalar geçirýärler.
XS
SM
MD
LG