Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda, 1-nji awgustdan başlap, awtoulag sürüjileriň we awtoulagyň öňdäki oturgyjynda oturan ýolagçylaryň howpsuzlyk kemerlerini dakynmalydygy barada maglumatlar peýda boldy. Ýogsam, jerime salynjakdygyny aşgabatly hususy taksiçi, 38 ýaşly Sapar aýdýar.

“Häzir munuň şeýle boljakdygyny “gaişnikler” [awtoulaglary] saklanlarynda, duýdurýarlar” diýip, Sapar gürrüň berýär.

Käbir ildeşlerimiz bu barada “Owaz” radiosyndaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň “Ýoluňyz ak bolsun” atly ýörite gepleşiginde hem habar berlendigini aýdýarlar.

Öňki talap

Bu düzgüniň diňe paýtagtly sürüjilere degişli boljakdygyny ýa-da ýurduň beýleki şäherlerine-de degişli boljakdygyny häzirlikçe anyklamak başartmady. Ýöne awtoulag sürüjilerinden howpsuzlyk kemerlerini dakynmak öňem talap edilýärdi. Esasan, ilatly ýerleriň çetinden geçýän şäherara uly ýollardan barýan awtoulaglaryň sürüjilerinden we olaryň ýolagçylaryndan howpsuzlyk kemerini dakynmaklyk talap edilýärdi.

“Bu talaba sürüjilerem, “gaişniklerem” o diýen üns bermeýärler. Diňe käwagt howpsuzlyk kemerini dakynmadyk sürüjilere jerime salynýar. O-da para almak üçin başga hiç hili bahana bolmasa” diýip, Aşgabat-Balkanabat aralygynda gatnaýan hususy taksiçi Guwanç bu barada gürrüň berýär.

Awtoulag sürüjilere we ýolagçylara howpsuzlyk kemerlerini dakdyrmak düzgüni daşary ýurtlaryň köpüsinde olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde giňden ulanylýan tejribe.

Türkmenistanda awtoawariýalar baradaky resmi statistika elýeterli bolmasa-da, soňky döwürde ýurtda ýol hadyslarynyň köpelýändigi hökümet maslahatlarynda hem aýdylýar. Awtoawariýalar paýtagt Aşgabadyň köçelerinde hem seýrek duşýan ýagdaý däl. Şu nukdaýnazardan howpsuzlyk kemerlerini dakynmagyň girizilmegi – döwrüň talaby.

"Mümkinçilik"

Emma, muňa garamazdan, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň täze girizjek bolýan düzgünine şol gullugyň käbir işgärlerine goşmaça gazanç etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýan sürüjiler hem az däl. Aşgabat-Balkanabat aralygynda taksiçilik edýän Guwanç hem täze düzgüniň girizilmegini Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň bikanun gazanç etmek üçin ulanjakdyklaryna şübhelenenok.

“Ylaýta-da ilkibaşda “gaişniklerde” jerimäniň ýerine para almaga uly mümkinçilikler bolar. Sebäbi täze giriziljek düzgünden sürüjileriň köpüsi bihabar” diýip, Guwanç gürrüň berýär.

Sürüjileriň käbirleriniň bu düzgün 1-nji awgustdan, käbirleriniň bolsa 1-nji sentýabrdan girizilýär diýýändiklerinden çen tutsaň, Guwanjyň aýdýanlary bilen ylalaşmazça hem däl.

Sürüjileriň käbirleri howpsuzlyk kemerlerini dakynmak düzgüniniň 2000-nji ýyllaryň başlarynda hem girizilendigini ýatlaýarlar. Şol wagt sürüjileriň köpüsiniň awtoulaglarynda howpsuzlyk kemerleri-de ýokdy. Olar şol kemerleri bazardan satyn almaly bolupdylar.

“Hut şonuň üçin hem bu düzgün şol wagt girizilipdi. Şonda aýdylyşyna görä, bir ýokary wezipeli işgär ýurda howpsuzlyk kemerleriniň uly partiýasyny getirip, ony ýerläpdir. Biraz wagtdan soň howpsuzlyk kemerlerini dakynmak düzgüni aradan aýrylypdy” diýip, Sapar ýatlaýar.

Emma howpsuzlyk kemerlerini dakynmak düzgüniniň häzir bu hili maksat bilen girizilmejekdigini aýdýan sürüjiler az däl. Olaryň aýtmaklaryna görä, häzirki awtoulaglaryň köpüsi öň ulanylan awtoulaglardygyna garamazdan, olaryň ählisinde diýen ýaly howpsuzlyk kemerleri bar.

Ýöne...

Ýeterlik düşündiriş işleri geçirilmänsoň, sürüjileriň köpüsi bu giriziljek düzgüniň howpsulykdan başga bir maksadynyň bardygyny çaklaýarlar.

“Biziň ýudrumyzda bir düzgün ýa-da gadagançylyk girizilse, hökman şonuň resmi düşündirilişinden başga-da bir sebäbi bolmaly. Biziň ýurdumyzda başgaça bolanok” diýip, aşgabatly hususy taksiçi Sapar bu ugurdan öz pikirini aýan edýär.

Türkmenistanly sürüjileriň köpüsi howpsuzlyk kemerlerini dakynmaklyga biparh garaýarlar. Olaryň pikiriçe, bu düzgün gerekmejek çäre. Sürüjileriň arasynda bu düzgüniň awtoulag sürüjileriniň howpsuzlygy üçin dogrudanam zerur zatdygyna ynanýanlary az.

“Howpsuzlyk kemerini dakynmaklyga özlerine peslik ýa-da kiçilik bilýän sürüjiler hem köp. Olar howpsuzlyk kemerlerini dakynmaklyga hamana özleriniň maşyn sürüp bilmeýändigini görkezýän alamat diýip düşünýänleri-de az däl. Ylaýta-da ýaşlaryň arasynda şeýle sürüjiler köp” diýip, aşgabatly sürüji, 56 ýaşly Kakabaý gürrüň berýär.

Onuň pikiriçe, ýurduň habar serişdelerinde sosial reklamalaryň ýoklugy, ýeterlik düşündiriş işleriniň geçirilmeýändigi sebäpli, türkmen häkimiýetleriniň girizýän oňyn düzgünleri hem ilat arasynda gowy garşy alynmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG