Sepleriň elýeterliligi

Nawalnyý milletiň daýanjymy ýa milletçileriň?


Oppozision lider Alekseý Nawalnyý, 19-njy iýul, 2013.

Oppozision lider Alekseý Nawalnyý, 19-njy iýul, 2013.

Alekseý Nawalnyý Kremle garşy çykyş edýän orsýet oppozisiýasynyň esasy wekiline öwrülip barýarka, onlarça ýyllap oppozisiýa ýolbaşçylyk eden köp liberal syýasatçylar Nawalnynyň orsýetli milletçilere goldaw beren geçmişine nazar aýlaýarlar.

Alekseý Nawalnyý Orsýetiň liberal taýdan özgermegi bilen baglylykda uly umyt bildirilýän şahsdyr. Emma şeýle-de ol ýurtda iň howply adam diýip hem atlandyrylýar.

Nawalnyý gysga wagtyň içinde Orsýetde Kremle bildirilýän garşylyk hereketiniň baştutanyna öwrüldi. Onuň meşhurlygy häkimiýetleriň eden-etdiliklerine we korrupsiýa garşy gaýduwsyz çykyş etmegi hem adalatly saýlawlaryň geçirilmegini talap etmegi bilen baglydyr.

Onuň bu hereketleri Orsýetde liberallar tarapyndan goldaw gazanan hem bolsa, adamlaryň käbirleri Nawalnynyň orsýet milletçileri bilen gatnaşyklaryna ünsi çekýärler we onuň käbir çykyşlarynyň milletçiligi tutaşdyrmak howpuny döredýändigini aýdýarlar.

“Milletçilikli çykyşlar”

Häzirki wagtda Nawalnyý 8-nji sentýabrda Moskwanyň merini saýlamak boýunça geçiriljek saýlawlarda esasy oppozision dalaşgär bolup durýarka, onuň geçmişdäki syýasy pozisiýasy on ýyldan gowrak wagtlap prezident Wladimir Putine garşy hereket edýän oppozisiýa wekilleriniň üns merkezine düşdi.

Ozal Nawalnyý Orsýet milletçileriniň dürli toparlaryny birleşdiren ”Russkiý marş” diýlip atlandyrylýan ýyllyk ýöriş aksiýasyna gatnaşypdy. Şeýle-de ol milletçileriň ýolbaşçylygynda Kawkazyň maddy üpjünçiligine garşy geçirilen çykyşlary goldapdy.

Nawalnyý Çeçenistanyň we beýleki Demirgazyk Kawkaz respublikalarynyň korrumpirlenen we netijesiz hökümetlerine federal býujetden berilýän maliýe kömegini ýatyrmagyň tarapynda çykyş edipdi.

Ol, hususan-da, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda eden çykyşynda Demirgazyk Kawkaz respublikalarynyň hökümetlerini masgaralap çykyş edipdi.

Şeýle-de, Nawalnyý 2008-nji ýylda Orsýetiň Gürjüstana garşy alyp baran urşuny-da goldapdy.

Nawalnyý şonda ulanan milletçilikli sözleri üçin soň ötünç sorapdy, emma şol wagtky belli eden beýleki käbir pozisiýalarynda soňra-da galýandygyny tassyklapdy.

Ol bikanun migrantlary deportasiýa etmäge we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen wiza režimini girizmäge ençeme sapar çagyryş etdi.

Nawalnyý etnik orslar üçin möhüm meseleleriň köpçülikleýin maslahat edilmeginiň milletparazlyga getirýändigi baradaky pikirleri ret edýär.

Goldaw gazanmak

Orsýetdäki etniki gatnaşyklar boýunça amerikan bilermeni Pol Goble Orsýetiň liberal oppozisiýasynyň ýyllar boýy jemgyýetde goldaw gazanyp bilmändiginiň sebäbini onuň etnik orslar üçin möhüm meseleleri gozgamandyklarynda görýär.

ABŞ-ly analitigiň sözlerine görä, Nawalnynyň şeýle garaýyşlary onuň üçin syýasy taýdan üstünlikli bolup biler, emma bu ekstremistik howpuny-da tutaşdyryp biler.

Orsýetiň adam hukuklaryny goraýjy baýry aktiwisti Lýudmila Alekseýewa 37 ýaşly Nawalnynyň agressiw we ýiti çykyşlaryny onuň tejribesiniň azlygyndan görýär.

Şol bir wagtda-da, käbir syýasy aktiwistler, şol sanda oppozison lider we öňki wise-premýer Boris Nemtsow Nawalnynyň ýiti çykyşlaryna garamazdan, orsýetlileri ony goldamaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG