Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Kellesini çalyşmaly


Abd al-Halim Yasiriň çeken karikaturasy

Abd al-Halim Yasiriň çeken karikaturasy

Kellesini çalyşmaly

1992-nji ýylda Köneürgençde Ýaşulylaryň maslahaty geçirildi. Ol döwürde S.Nyýazowyň heýkelini ýurduň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde oturtmak ýaňy başlanypdy. Çykyş etmek nobaty ýetip, münbere çykan şahyr Pyhy Tagana Nyýazow:

- Pyhy aga, söz berip, sözüňde tapylmaýan ekeniň. Birinji gezek prezident saýlawy geçirlende Nebitdaga baryp, saýlawçylar bilen duşuşamda çykyş edip "Adamlar, şu ýigidi prezident saýlalyň! Saýlawdan soňra abraýly öýüň asylly gyzyna özüm sawçylyga baryp, inimizi türkmen gyzyna öýerjek" diýipdiň. Wadaňda tapylmadyň -diýip degişdi. Dili gijäp duran Pyhy aga degişmä yş açan bu pursady duşundan geçirmedi:

- Wah, öýlendirjegim çyn, ýöne seniň mertebäňe laýyk gyz tapamok. Şony il ortalaýyn aýdyp, ötünç soraýyn hemem adamlara bir zady ýatladaýyn diýip, söz berilmegini haýyş etdim -diýdi. Nyýazow göwnihoş ýylgyryp "Dowam ediber!" diýen äheňde baş atdy. Pyhy aga:

- Adamlar, "Prezidentiň heýkel-ýadygärligi köp oturdylýar" diýip, gep-gybat edýäňiz. Munyňyz bolmaýar. Biz ol ýadygärlikleri ömürboýy ulanarys. Inimiz Nyýazow prezidentlikden gidenden soňra täze prezident saýlarys. Ýadygärlikden Nyýazowyň kellesini kesip aýryp, ýerine täze prezidentiň kellesini oturdarys. Ol wezipesinden gider, onuň-da ýadygärlikdäki kellesini kesip, ornuna täze Prezidentiň kellesini oturdarys -diýdi.

Nyýazowyň ýüzüniň tezisi üýtgäp, gaşlaryny çytdy. Münberdäki mikrafony ýapdylar. Adamlar özüne zor salyp dymdy. Bu degişme Pyhy aga gymmat düşdi. Ady gara sanawa düşürlip, eserlerini çap etmek gadagan edildi. Ýöne Pyhy aga ýanbermez gaýduwsyz adamdy. Adamlar "Şol çykyşyň yzy näme bilen tamam boldy?" diýip soranlarynda:

- Howpsuzlyk komitetine, ýene gaýry edaralara çagyryp "Prezidentiň şahsyýetine dil ýetirmek jenaýat, seni bäş ýyl türmä basarys" diýdiler. Menem "Inilerim, öň türmede oturdym. Oňa belet. Men "Türme bilen dürrä bolamak" diýdim. Olar akylly oglanlar eken. Sözüme ynanyp, türmä basmadylar" diýip, il-güni gulüşdirerdi.

Mende akyl ýok

XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Baýram şahyryň doglan gününiň 120 ýyllygy Nebitdagda dabaraly bellendi. Dabaranyň başlanmazynyň öňüsyrasy welaýat häkimi Rejep Puhanow häkimligiň jaýyndan çykyp, oňa ýörite çagyrlanlar bilen ýekän-ýekän elleşip salamlaşdy.

Ýara-gaýry düşendir-dä, onuň sag eli hasa bilen saralgydy. Şonuň üçinem adamlar bilen çep elini uzadyp salamlaşýardy. Ýörite çagyrlanlaryň arasynda nebitdagly şahyr Pyhy Tagan-da bardy. Ol Rejep Puhanowa tarap baş atyp:

- Adamlar, bu gün jübüňizdäki puldan arkaýyn boluň! Welaýatyň baş ogrusynyň ogurlyk edýän sag eli hasa bilen saralgy -diýdi. Pyhy aga bilen degişmeden lezzet alýan Rejep Puhanow:

- Sen akylly bol! Erte-birgün haýyş bilen ýanyma gelersiň, şonda kim ogry, kim dogry gözüňe görkezerin-diýdi. Pyhy Tagan:

- Akylly bolar ýaly mende akyl ýok. Ine, pyşdyl welin menden akylly. Ol ýumurtgadan çykanda kwartiraly, jaýly çykýar. Men bolsa "Ogluma jaý ber!" diýip, ýanyňa barjak bolup ýörün -diýdi. Welaýat häkimi gyzyl-gyran gülýän adamlara goşulyp güldi. Soňra-da:

- Şeýdip wagtal-wagtal öz kimdigiňi boýun alsaň, ähli haýyşyň biter. Şäher häkimligine bar, ogluňa jaý bererler -diýdi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG