Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň geýlere garşy kanunyna protest bildirilýär


Russiýanyň "Standart" aragynyň görkeziliş dabarasy

Russiýanyň "Standart" aragynyň görkeziliş dabarasy

Orsýetiň “geý propagandasy” diýip atlandyrýan kanunlaryna garşy günbatarly atiwistleriň edýän basyşlary ýygjamlaşýar.

Olar özleriniň internetde alyp barýan “dump Russian vodka”, ýagny “rus aragyny dök” atly kampanýasynyň üsti bilen 2014-nji ýylda Soçide geçiriljek gyşky olimpiadalary boýkot edýärler, şeýle hem olar jedelli kanunlaryň awtorlaryna wiza gadagançylygyny girizmek üçin kampaniýa alyp barýarlar.

Olar 28-nji iýulda internet arkaly özleriniň açyk hatyny çap etdiler. Köp sanly orsýetli aktiwistler halkara derejesinde yglan edilen “rus aragyny dök” kampaniýasyny hoşallyk bilen garşyladylar. Aktiwistler: “Biz ors häkimiýetleriniň adamçylyga ters gelýän gomofobiýa häsiýetli çykarýan kanunlaryna garşy edilýän tagallalara öz minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýip, internetde ýazýarlar.

Russiýada adamlar gomoseksual aktiwistlerine hüjüm edýärler. 11-nji iýun, 2013 ý.

Russiýada adamlar gomoseksual aktiwistlerine hüjüm edýärler. 11-nji iýun, 2013 ý.


Dän Säwej geý ýetginjekleriniň kemsidilmegine garşy “It Gets Better”, ýagny “Hemme zat gowulaşar” atly wideo görnüşli kampaniýanyň sakasynda duran awtordyr. Çykarylýan kanunlara reaksiýa hökmünde ol geçen hepde, has takygy 24-nji iýulda, rus aragyny boýkot etmäge çagyrdy.

Säwej öz ýöredýän kampaniýasyny has ýaýbaňlandyrmak üçin belli meşhur rus wodkalary bolan “Stoliçnaýa” we “Russkiý Standart” atly araklaryň atlaryny ulandy we Twitterde #dumpStoli şygaryny işjeňleşdirdi. Düýbi Amerikada ýerleşýän “Queer Nation” topary hem-de, Rus-geý hukuklary boýunça ors-amerikan topary, agzalýan kampaniýa goldaw berdiler.

Birleşen Ştatlarda, Kanadada, Beýik Britaniýada we Awstraliýada ýerleşýän birnäçe barlar mundan beýläk agzalan arak görnüşlerini satmajakdyklaryny aýtdylar. Muňa jogap hökmünde SPI topary, ýagny ”Stoliçnaýanyň” Latwiýadaky öndürijisi hem internete açyk hat ýerleşdirdi. Onda toparyň geý-lezbi bileleşiklerine duýgudaşlyk bildirýändigi we geý hukuklary babatda “ors hökümetiniň pozisiýasyny” ýazgarýandygy aýdylýar.

Soçi

Ors aragy wodka garşy edilýän boýkot günbatarly aktiwistleriň Orsýeti jezalandyrmak üçin edýän aladalarynyň diňe belli bir bölegidir. Mysal üçin, "Rusa" topary 2014-nji ýylda Soçide geçiriljek gyşky olimpiadany hem boýkot etmäge çagyrdy. “Eýsem geý, lezbi, biseksual we transseksual toparlara garşy ýigrenç duýgulary bolan döwletiň ykdysadyýetine goşant goşmak üçin, kim Soçide geçiriljek olimpiada oýunlaryna gatnaşyp biler?” diýip, beýanatda aýdylýar.

Halkara Olimpiada komiteti ors hökümetiniň baştutanlaryndan täze kanunçylygyň ýaryşa gatnaşjak sportçulara degişli däldigi barada kepillik alandyklaryny aýtdy.

Soçidäki Olimpiýa desgalary

Soçidäki Olimpiýa desgalary


Geý, lezbi, biseksual we transseksual aktiwistler Sankt-Peterburgly kanunçykaryjy Witaliý Milonowa we Döwlet Dumasynyň deputaty Ýelena Mirzulina garşy Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň wiza gadagançylygyny girizmegi üçin degişli edaralara ýüz tutýarlar. Milonow geçen ýyl Sankt-Peterburgda kabul edilen “geý propogandasyny gadagan etmek boýunça çykarylan kanunlaryň” hemaýatçysydyr. Mizulina Dumada Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiň baştutany bolup, ol iýun aýynda Wladimir Putiniň gol çeken federal kanunçylygynyň esasy goldaýjysydyr.

Aktiwistler Ak Tamyň resmi saýtynyň arza-şikaýat bölümine arza ýazyp, ýerleşdirdiler. Şu wagta çenli bu arzanyň aşagynda 1900 adam gol goýdy. Ak Tamyň “Biz Halk” atly arza-şikaýat programmasynyň çäklerinde, azalaryň prezident Barak Obamanyň administrasiýasy tarapyndan resmi taýdan seredilmegi üçin 100 müň sany gol gerek.

Häzirlikçe ors häkimiýetleri edilýän basyşlara üns berenok.

21-nji iýulda Gollandiýaly dört sany kinorežissýor Orsýetiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Murmansk şäherinde saklandylar. Olary üç sagatlap naharsyz hem dilmaçsyz içerde saklansoň, wiza kanunlaryny bozandyklary üçin 3000 rubl (100$) jerime töledipdirler. Agzalýan režissýorlar Orsýetdäki geý-lezbi toparlary barada kino düşürip ýören ekenler. Olar “geý propagandasy” baradaky kanunlara bozup-bozmandyklary barada sorag edildiler. Saklananlaryň arasynda geý-lezbi aktiwisti we Groningen şäher mejlisiniň agzasy Kris Wan De Weer hem bardy. Ol Azatlyk Radiosynyň Ors gullugyna beren interwýusynda özüniň syýahatynyň dowamynda başyndan soňuna çenli yzarlanandygyny aýtdy.

29-njy lýulda häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň iki sany agzasy (Mizulina we Olga Batalina) Orsýetiň belli meşhur aktiwisti Nikolaý Alekseýewe garşy prokurorlaryň iş gozgamagyny soradylar. Olar Nikolaý Alekseýewiň Twitterde özlerini kemsidendigini aýdýarlar.

Mizulina “Izwestiýa” gazetine beren gürrüňinde Alekseýewiň “döwlet işgärini kemsidendigi üçin” jenaýat jogapkärçilige çekilmegini sorandygyny we munuň netijesinde onuň (Alekseýewiň) 40 müň rubl (1000$-dan gowrak) jerime tölänsoň, “jemgyýetçilik zähmetinde” işlediljekdigini aýtdy.

Rus aragyny hem-de Olimpiýa oýunlaryny boýkot edýän Alekseýew edilýän gürrüňlerden täsirlenmedik bolmaga çemeli. Ol özüniň Twitter hasabynda Soçide geçiriljek Olimpiadanyň açylyş güni gurnaljak geýleriň ýörişine gatnaşjakdygyny we ol ýerde “Soçi Olimpiadasy –ÝOK, Soçi geýleriň ýörişi – HAWA” diýen şygary seslendirjekdigini ýazdy.
XS
SM
MD
LG