Sepleriň elýeterliligi

Eýran rewolýusiýasynyň çagalary


Sahar Delijanynyň “Jakaranda agaçlarynyň çagalary” atly kitabynyň baş sahypasy.

Sahar Delijanynyň “Jakaranda agaçlarynyň çagalary” atly kitabynyň baş sahypasy.

Sahar Delijany 1983-nji ýylda Eýranyň Ewin türmesinde doguldy. Onuň ejesi 1979-njy ýylda Yslam rewolýusiýasyna gatnaşyp, soňra tussag edilen dünýewi hereketiň aktiwistidi. Sahar Delijani ýakynda çap eden “Jakaranda agaçlarynyň çagalary” atly ilkinji romanynda özüniň başdan geçiren wakalaryny gürrüň berip, Eýranda bolan wakalara tussaglykda rewolýusionerlerden doglan çagalaryň gözi bilen seretmäge çalyşýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň ejeňiz we kakaňyz 1979-njy ýylyň Yslam Rewolýusiýasyndan soň tussag edildiler, sizem tussaghanada doguldyňyz. Kitabyňyz siziň dogluşyňyz baradaky gürrüňden başlanýar. Siz özüňiziň dünýä inmegiňiz bilen bagly ýagdaýlary haçan bilip galdyňyz we siz bu barada nähili pikirde?

Sahar Delijany: Men özümiň dogluşymyň aýratynlyklary barada hemişe-de bilýärdim, sebäbi bu syr däldi. Meniň ejem muny mydama maňa gürrüň berýärdi we men ýaşlykda şeýle gürüňleri örän gyzykly diýip hasap edýärdim. Men özümiň dogulmagymyň daşyndaky ýagdaýlary iň gyzykly waka diýip hasap edýärdim. Belli bir derejede, men muňa buýsanýardym. Emma soňabaka, kitap ýazmakçy bolanymda, maňa ejemiň beren gürrüňlerinden has köp maglumat gerek boldy. Maňa mälim bolan köp detallar meni diýseň geň galdyrdy.

Bellemeli zat, meni haýran galdyran bir fakt bar. Ejem çaga dogurjak bolup ýatan wagtynda-da sorag edilendigini gürrüň berdi. Men muny öň bilmändim. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý çaga üçin gyzykly bolup görnen wakalary örän agyr we agyryly bir meselä öwürdi. Maňa bu barada ýazmak agyr düşdi. Bu mende örän agyr duýgulary döretdi. Men şonda “ejem şeýle agyr ýagdaýy başdan geçiripdir, men muny bilmändirin, men bu barada ýazmaly” diýip pikir etdim.

Azatlyk Radiosy: Siziň ejeňiz we kakaňyz Yslam Rewolýusiýasyna gatnaşan adamlar. Rewolýusiýadan soň olar ýene ençeme adam bilen bilelikde türmä düşüpdirler. Ejeňiz iki ýarym ýyllap, kakaňyz dört ýyllap türme tussaglygyna höküm edilipdir. Sizi we siziň doganyňyzy eneňiz bilen ataňyz idedipdir. Şol ýagdaýlar maşgalaňyza nähili täsir ýetirdi?

Sahar Delijany: Bu biziň tutuş durmuşymyza täsir etdi. Meselem, meniň ejem we kakam türmeden boşap gelenlerinden soň, kakam uniwersitete, öz okuwyna dolanyp bilmändi. Ol tussag edilende studentdi. Tussaglyk onuň durmuşyny doly üýtgedipdi. Meniň ejeme-de işe ýerleşmek gaty kyn boldy. Adam türmeden boşap gelende durmuşyny gaýtadan başlamaly bolýar munuň bilen bagly ýagdaýlar hiç wagtda ýatdan çykmaýar. Türmede geçirilen ýyllar adamyň soňky durmuşyna göni hem gytaklaýyn täsir ýetirýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň ejeňiz we ataňyz kitap barada näme diýýärler?

Sahar Delijany: Olar örän şat, olar muňa kanagatlanma bildirýärler. Meniň pikirimçe, bu olaryň agyr günlerde dymyp ýaşandyklary bilen bagly. Meniň daýym tussaglykda jezalandyrylanda, maşgalamyz ony hatda jaýlap hem bilmändi. Meniň garry enem öz oglunyň jezedini-de görüp bilmändi. Indi bolsa bu wakalaryň tutuş dünýä mälim bolmagy azda-kände ýeňillik getirdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň daýyňyz 1988-nji ýylda jezalandyrylan müňlerçe tussagyň biridi. Käbir maglumatlarda 5 000-e golaý adamyň jezalandyrylandygy aýdylýar. Şol köpçülikleýin jezalandyryşlar Eýranyň soňky taryhynyň garaňky we köpler üçin näbelli bir tarapy bolupdy. Günleriň birinde şol wakalaryň üsti açylar diýip pikir edýärsiňizmi?

Sahar Delijany: Hawa, men Eýran şol bir durkuny saklap galar öýdemok. Häzirki ýagdaý-da saklanyp galmaz. Men ýurtda garaşsyz bir edaranyň dörediljegine we bolan wakalaryň doly derňeljegine ynanýaryn. Jezalandyrylan adamlar direlmez, emma bu iş hakykatyň dabaralanmagy üçin örän wajyp bolar.

Sahar Delijany

Sahar Delijany

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzy “Jakaranda agaçlarynyň çagalary” diýip atlandyrypsyňyz. Bu kitapda rewolýusiýanyň çagalary barada gürrüň edilýär. Emma näme üçin siz 1979-njy ýylyň rewolýusiýasynyň simwoly hökmünde Eýran üçin adaty bolmadyk bir agajyň adyny ulandyňyz?

Sahar Delijany: Meniň üçin jakaranda agajy utopiýanyň, ýagny hyýalbentligiň simwoly. Meniň ony saýlap almagymyň sebäbi bar. Men eýýam ABŞ-dakam garry enem günleriň birinde “men bu agajy Tährandaky bagymda ekmäge synanyşypdym, emma bu başa barmady, sebäbi Eýran bu tropiki agaç üçin gaty sowuk ýurt” diýip gürrüň beripdi.

Ençeme ýyldan soň, men ktap ýazyp başlanymda, bu agaç Eýran Rewolýusiýasyny häsiýetlendirýän simwol hökmünde gözümiň öňüne geldi. Sebäbi Eýran rewolýusiýasyna gaty köp umyt baglanypdy, emma şol umytlar başa barmandy. Bu meniň enemiň ýurtda hiç haçan düýp tutup bilmejek agajyň saýa salmagyny isländigini ýada saldy. Şeýlelikde jakaranda agajynyň çagalary - rewolýusiýanyň çagalary diýmekdir. bu ýerde rewolýusiýa ynanyp, öz janyny töwekgelçilige salan, soň bolsa rewolýusiýanyň pidasy bolan aktiwistleriň çagalary hakda gürrüň gidýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň kitabyňyz günbatarly okyjylara Eýran barada nähili maglumat berýär diýip pikir edýärsiňiz?

Sahar Delijany: Bu kitapda men iki sany meseläni okyjylara ýetirjek boldum. Birinjiden, Eýran Günbatar metbugatynda görkezilende, sakgally adamlar häkimiýet başyna gelende, adamlar olara çydaýarlar, soň başgalar gelende-de olara boýun bolýarlar diýen şekilde suratlandyrylýar. Emma bu beýle däl. Eýran mydama demokratik jemgyýetiň ugrunda göreşýänleriň ýurdy. Ikinjiden, men bütin dünýäde adamlaryň şol bir zatlary arzuw edýändiklerini, olaryň şol bir umytlarynyň we şol bir şübheleriniň bardygyny ýetirjek boldum.

Azatlyk Radiosy: Siz öz kitabyňyzy eýranly okyjylar üçin pars diline terjime etmegi planlaşdyrýarsyňyzmy?

Sahar Delijany: Meniň kakam muny häzirki wagtda terjime edýär, ol eýýäm soňky babyna ýetdi. Taýýar bolanda, men ony okaryn. Biz kitabyň üstünde bile işlemekçi. Kitap taýýar bolansoň, biz ony Eýrandaky okyjylara ýetirmegiň ýoly barada oýlanarys. Meniň pikirimçe, kitabyň iň möhüm okyjylary - hut şolardyr.
XS
SM
MD
LG